Watanymyzyň asudalygy — döwletimiziň berkararlygy

8 Dekabr 2023
229

6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.

Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri harby bölümlerdäki işleriň ýagdaýy, şu ýylyň on bir aýynda ýurdumyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmak, Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatyny artdyrmak üçin durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem güýzki çagyryş möwsümi barada aýdyldy.

"Nesil".