Futbol täzelikleri

1 Dekabr 2023
185

Ýakynda ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň jemleýji, 21-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Netijede, «Migrasiýadan» 5:2 hasabynda üstün çykan «Deňizçi» topary çempionlyk derejesini gazandy. Çempionatyň dowamynda 51 utuk toplan «Köpetdag» topary ýaryş tertibini ikinji orunda jemledi. «Gümrükçi» «Turandan» 3:1 hasabynda utulandygyna garamazdan, çempionaty üçünji orunda tamamlady. «Senagatbank» topary TNGIZT-den 5:4 hasabynda üstün çykdy.