Türkmen karateçileriniň üstünlikleri

1 Dekabr 2023
169

Türkmen türgenleri Serbiýanyň paýtagty Belgradda geçirilen fudokan adaty karate boýunça dünýä çempionatynda hem-de kadetleriň arasyndaky Dünýä kubogynda çykyş etdiler. 23 — 27-nji noýabrda geçirilen ýaryşa 43 ýurtdan iň güýçli karateçiler gatnaşdylar. Ildeşlerimiz 15 medala eýe boldular. Şolaryň 7-si altyn, 2-si kümüş, 6-sy bolsa bürünç medallardyr.

Döwlet Berdiýewiň ýobaşçylygyndaky türkmen ýygyndysyna tejribeli hünärmenleriň ikisi — Diýar Hojaýew we Eýmur Mademinow tälimçilik etdi. Topar ýaryşyň öňüsyrasynda Belgradda geçen türgenleşikler bilen ykjam taýýarlygyny kepillendirdi.

Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.