Suwda ýüzmek: sanlar we maglumatlar

1 Dekabr 2023
187

Suwda ýüzmek boýunça ýaryşlaryň geçirilişi baradaky ilkinji maglumatlar XVI asyra degişlidir. 1515-nji ýylda suwda ýüzmek boýunça ýaryş Italiýanyň Wenesiýa şäherinde guralýar.

Sportuň bu görnüşi boýunça ilkinji resmi gurama 1869-njy ýylda Beýik Britaniýada esaslandyrylyp, ol Angliýanyň sport ýüzüşiniň muşdaklarynyň assosiasiýasy diýlip atlandyrylýar. Şondan köp wagt geçmänkä-de, şeýle sport birleşikleri Ýewropanyň köp ýurtlarynda we Täze Zelandiýada döredilýär.

Taýýarlan Keýik SAHATLYÝEWA,
TDB we SI-niň talyby.