Futbolyň taryhyndan

1 Dekabr 2023
158

Iki müň ýyl mundan ozalky hytaý ýazgylarynda futbol barada ýazylan ilkinji maglumatlara duş gelmek bolýandygy diýseň-diýmeseň örän täsindir. «Aýak bilen top oýnamak» diýlip atlandyrylan bu oýun ilkibaşda garym-gatym oýnalypdyr.

Iki ýarym müň ýyl mundan ozal gadymy Gresiýada we Rimde hem «top üçin söweş» atly oýnuň oýnalandygyny taryhçylar belleýärler. Bu oýun söweş sungaty arkaly ýerine ýetirilip, ol wagtyň geçmegi bilen iňlis medeniýetine aralaşýar. Soňlugy bilen futbol, ýagny aýak topy diýlip atlandyrylan bu oýun düzgünleşdirilip başlanýar. Oýunçylar iki topara bölünýär, ýörite egin-eşik we aýakgap geýilýär.

Taýýarlan Kerem MYRATGELDIÝEW,
TDB we SI-niň talyby.