Ýurt zynaty, göwün ganaty

26 Sentýabr 2023
316

Asudalygy, abadançylygy özüne hemra eýläp gelýän ak günleriň gözelligini bütin äleme buşlap, eziz Watanyň ýaşyl ýaýlalarynda, belent baglarynda bagt lälesini kakýan guşlaryň ýakymly owazy köňül sährasynyň göwher güllerine nur çaýýar. Dogrudan-da, bu Watanyň gözel gujagynda bagt hakynda söhbet etmeýän, megerem, ýok bolsa gerek. «Bagt» diýlen düşünjä her kim dürlüçe düşünýär. Garaşsyz, asuda, berkarar ýurtda manyly ýaşaýarkak, yhlasly okaýarkak, halal zähmet çekýärkäk, «Bagt näme?» diýlen sowala jogap agtaryp ýörmegiň hajaty ýokmuka diýýärin. Sebäbi bu Garaşsyz Diýarda dogulmagyň özi hem bagtyýarlykdan nyşan. Şeýle mähriban Watanda gözel günleriň ylhamyndan ruhlanýan ynsanlaryň her biriniň kalbynda ak arzuwlar ýaşaýar. Aslynda, arzuwlar bu dünýä hasyl bolmak üçin inýärler. «Ýürekden çykan söz ýürege barar» diýlişi ýaly, ýürekden edilen arzuw hem hökman hasyl bolýar. Garaşsyz ýurdumyzyň halypa şahyry bolan Atamyrat Atabaýewiň şu goşgy setirlerinde aýdyşy ýaly, halkyň hak arzuwy elmydama wysala ýardyr:

Halk arzuwy hasyl bolýar ahyry,
Men bu güne kän asyrlap garaşdym.
Men bu gün garaşsyz ýurduň şahyry,
Türkmenistan — söwer ýurdum garaşsyz!

Nury SAKÇYÝEW,
   S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.