Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Türkmen energiýa serişdeleri we logistikasy tutuş sebitiň ykdysadyýetini pugtalandyrmaga ukyplydyr

15 Sentýabr 2023
863

Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy

Aşgabat — Duşenbe, 14-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Beýleki habarlar