Garaşsyzlyk — berkararlyk binýady

14 Sentýabr 2023
358

Iň süýji zatlaryň hataryndan orun alan erkanalygyň, berkarar döwletiň arzuwynda ýaşan pederlerimiz, ene-mamalarymyz köňül kelamlaryny milli mirasymyza siňdirip, bize — nesillere ýadygär galdyrypdyrlar. Gahryman Arkadagymyz: «Medeni miras — maddy we ruhy gymmatlyklar ynsana şatlyk, ata-babalara hormat, ýaşaýşa söýgi, dowamata hyjuw döredýän gözellik älemidir. Bu älem tümlügi — gündizlige, çöli — lälezarlyga, duşmançylygy — dostluga öwürýän, ýürekleri buýsançdan doldurýan, beýnileri paýhas bilen durlaýan egsilmez güýçdür» diýýär. Bu dürdäne setirler Garaşsyzlyk ýyllarymyzda milli gymmatlyklarymyza täze ömür bagyş edilmeginiň özenini açyp görkezýär.

Ybraýym GURBANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.