Taryhy wakalar, zähmet üstünlikleri — durnukly ösüşiň aýdyň beýany

14 Sentýabr 2023
305

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimizde gazanylýan ösüşler köpmilletli halkymyzyň agzybirligini, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny aýan edýär. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň: «Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir» diýen taryhy sözlerini dabaralandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen şu ýylyň 9-njy sentýabrynda ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygymyna girişildi. Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermeginden ruhlanan Daşoguz welaýatynyň ussat daýhanlary ýaşulularyň «Bismillasy» bilen, şu gün gyzgalaňly oba hojalyk möwsümine girişýärler.

«Adalat».