Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

5 Iýun 2023
458

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli köp sanly hatlar we telegrammalar gelip gowuşýar. Bu senäniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda baýram edilmegi ýurdumyzyň ekologiýa strategiýasy babatda-da möhümdir. Bu strategiýa Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa üçin howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalaryň sebit merkeziniň açylmagyna, tebigaty goramak ulgamynda wajyp wezipeleri çözmekde halkara jemgyýetçiligiň tagallalarynyň birleşdirilmegine gönükdirilendir. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan köptaraply işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.

Döwlet Baştutanymyza türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iň gowy arzuwlaryny iberdi.

(TDH)