Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

5 Iýun 2023
537

Aşgabat, 3-nji iýun (TDH). Şu gün Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň ikinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe Kanunlaryň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Gün tertibine laýyklykda, deputatlar «Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garadylar. Bu üçtaraplaýyn Ylalaşygyň esasy maksady taraplaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, özara bähbitlilik esasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekden we güýçlendirmekden, şol sanda harytlaryňdyr hyzmatlaryň söwdasy, energetika pudagy, oba hojalygy, azyk senagaty, himiýa senagaty, ulag-logistika we beýleki ugurlarda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň bu resminamany tassyklamagy ýurdumyzyň Azerbaýjan hem-de Türkiýe bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň hukuk binýadynyň üstüni ýetirip, özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmaga, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder.