Welosiped hemmeler üçin!

5 Iýun 2023
345

Parahatçylyga çagyrýan baýram dünýä ýurtlarynda-da dabaralandyryldy

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ählumumy welosiped baýramçylygy şu ýyl altynjy gezek Ýer ýüzünde giňden bellenildi. 3-nji iýunyň dünýä senenamasynda «Bütindünýä welosiped güni» diýlip ykrar edilmeginiň öňbaşçysy bolan ýurdumyzyň teklibi esasynda geçen ýylyň 15-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama hem biragyzdan kabul edildi.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».