Aşgabatda sebitleýin tennis ýaryşy badalga alýar

5 Iýun 2023
474

Halkara sport ýaryşlaryny ýokary derejede geçirmekde oňyn tejribe toplan Bitarap Watanymyz 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasyndaky Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşyny kabul etmäge taýýarlykly geldi. Bu ýaryşa Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan, şeýle-de Owganystandan sport wekiliýetleri (hersinden 9 adam) gatnaşarlar. Paýtagtymyz Aşgabatda bu ýaryşyň eýýäm ikinji gezek guralmagy Diýarymyzyň sport ýurdy hökmünde barha giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ýokary sportda Türkmenistany dünýä tanatmak meniň esasy maksatlarymyň biridir» diýip belleýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaş ýetginjek türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça gazanýan üstünlikleri hem örän guwandyryjydyr.

Parahat AGAÝEW,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary.