Geçen anna güni ýurdumyzdaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň işlerine badalga berildi. Paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgünde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda mekdep okuwçylaryny Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine ugratmak dabarasy geçirildi. Ol şatlyk-şowhuna, uly ruhubelentlige beslendi. Bu ýerde çagalaryň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazly çykyşlar boldy. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň sirk toparynyň çykyşlary hem şowhunly garşylandy. Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanowyň (Aşyr dädäniň) çykyşyna hem çagalar ruhubelentlik bilen tomaşa etdiler.
Şeýle şowhunly çykyşlardan soňra awtobuslaryň kerweni Gökderäniň çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine tarap ugur aldy. Merkezleriň ählisinde dynç almaga baran çagalar güler ýüzli, şatlyk-şowhunly garşylandy. Netijede, jana şypaly gözel Gökdere jülgesi häzirki wagtda tomusky dynç alşa çykan mekdep okuwçylarynyň arzyly mekanyna öwrüldi. Gökderede çagalaryň her güni şatlykly pursatlara beslenýär. Ata-eneleriň göz guwanjy, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň şeýle sapaly ýerlerde dynç almaklary, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär.