Dört gaýtarlanda göwnejaý

25 Ýanwar 2023
610

Gahryman Arkadagymyzyň «Çaý — melhem hem ylham» atly ajaýyp kitaby bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolup, çaý bilen baglanyşykly ähli ylmy maglumatlary, täsinlikleri özünde jemleýän çeşmedir.

Çaýyň peýdaly täsirine uly baha berýän halkymyz gök çaýa diňe bir teşneligini gandyryjy içgi hökmünde baha bermän, eýsem, oňa sagdynlygyň we uzak ömür sürmegiň serişdesi, myhmansöýerligiň, gelen adama hormat goýmagyň nyşany hökmünde hem garapdyr. «Çaý bir gaýtarylanda laý, iki gaýtarylanda çaý, üç gaýtarlanda maý, dört gaýtarlanda göwnejaý» ýa-da «Çaýyň soňy dostuňa», «Içseň çaý, bolar göwnejaý»... ýaly sözler, megerem, şol sebäpli dörän bolsa gerek?!

Leýli GOWŞAKOWA,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy.