Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy

20 Noýabr 2022
81

«7/24. tm», № 47 (130), 20.11.2022

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli guramanyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly ada mynasyp bolan ýaşlary sylaglamak dabaralary geçirildi. Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda guralan dabarada edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde tapawutlanan ýaşlaryň 75-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bol­dy. Bu baýraga mynasyp görlen ýaşlara şahadatnamalar, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýurdumyzda öndürilen 42 dýuýmly «Tolkun» telewizorlary gowşuryldy.