Milli oýunlaryň ähmiýeti

22 Sentýabr 2023
737

Türkmen milli oýunlary gözbaşyny taryhyň gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Bu oýunlar diýseň köpdürlidir. Olardan «Aýterek-Günterek», «Ogar-ogar», «Altyçöp», «Gubagazlar», «Ýaglyga towusmak», «Guýruk tutdy», «Düzzüm», «Ýeditop», «Bukuldym», «Gizlenpeçek», «Doňy çöz», «Çilik», «Aşyk», «Dähedem dessem» ýaly oýunlary görkezmek bolar.

Halk oýunlarynyň hem-de sport güýmenjeleriniň aýry-aýry görnüşleri häzirki wagtda resmi sport görnüşleri derejesine eýe boldy. Şolar boýunça milli ýaryşlar hem-de halkara çempionatlar geçirilýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, milli göreş, at çapyşyklarydyr.

Nurana MEŇLIÝEWA,
sport synçysy.