Sahawat ýüreklere ýaýraýar

23 Noýabr 2022
437

Sagdyn jemgyýet öz köküni sagdyn maşgaladan alyp gaýdýar. Her bir maşgalada saglygyň, asudalygyň höküm sürmegi ugrunda bolsa ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde düýpli işler amala aşyrylýar.

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçen ýyl Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Şondan bäri geçen gysga döwrüň içinde bu haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna biziň welaýatymyzda hem äň-ýüz, daýanç-hereket synasynyň gaýrüzülmesi zerarly ejir çekýän çagalaryň birnäçesiniň operasiýalary şowly geçirildi. Saglygy goraýyş edaralaryna lukmançylyk hyzmatyny ýokary derejede guramak üçin özünde ähli amatlylyklary jemleýän «Tiz kömek» awtoulaglary bilen birlikde köpsanly enjamlar sowgat berildi. Maýyp çagalar arabalar, eşidiş enjamlary bilen üpjün edildi. Welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde ortopediki-trawmatologiki bejergä mataç, şeýle-de daýanç-hereket ulgamynda näsazlygy bolan we gulak-burun keselli çagalarda operasiýalar geçirilip, olaryň saglygy doly dikeldildi. Doga ýürek kemçiligi bolan çagalaryň 3-si Aşgabat şäherindäki Halkara Saglyk merkeziniň müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde operasiýa edilip, olaryň maşgalasyna sag-aman gowuşmagy gazanyldy. Häzirki günlerde hem şu kesel bilen ejir çekýän çagalarda operasiýa taýýarlyk işleri geçirilýär. Bu operasiýalar çagalara saglyk, olaryň ene-atalaryna bolsa bagtyýarlyk eçildi. Bize şeýle çagalaryň we olaryň ýakyn hossarlarynyň birnäçesiniň şatlygyna şaýat bolmak miýesser etdi. Olaryň ýürek buýsançlaryny eşitmek juda ýakymly:

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.