Pul sowgatlary gowşuryldy

5 Mart 2024
173

Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde talyp gelin-gyzlara hormatly Prezidentimiziň pul sowgatlaryny gowşurmak mynasybetli geçirilen dabara «Ýaşlar — Watanymyzyň daýanjy» diýlip atlandyryldy. Welaýat häkimligi, welaýat Baş bilim müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan dabara welaýat ýörite sungat mekdebiniň,welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplary hem gatnaşdy.

Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň «Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakyndaky» resminamasynyň ähmiýetine ünsi çekip, munuň özi ösüş-özgertmelere beslenen täze taryhy döwrümizde ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däpleriniň dowam etdirilýändiginiň, zenanlara çäksiz hormat-sarpa goýulýandygynyň subutnamasydygyny guwanç bilen bellediler.