Arheologiýa: döwlet maksatnamasy durmuşa geçirilýär

5 Oktýabr 2022
214

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň taryhynyň, arheologiýasynyň we etnologiýasynyň meselelerini täze esasda düýpli hem-de çuňňur öwrenmek maksady bilen wajyp guramaçylyk işleri amala aşyryldy. Bu babatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň döredilmegi halkymyzyň köp müňýyllyk taryhyny arheologik nukdaýnazardan öwrenmek işiniň has-da ilerlemegine oňyn täsir etdi. Arheolog-alymlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi, ylmy-barlaglary geçirmäge ýöriteleşdirilen awtoulaglar, LEA-S500 köpugurly kiçi barlaghana, JPS we georadar enjamlar, meýdan şertlerinde işlenilende gerek bolýan gurallar bilen üpjün edildi.

Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky giň gerimli başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilip, halkymyzyň baý medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge, gorap saklamaga we wagyz etmäge döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Gadymy ýadygärliklerimizde giňişleýin arheologik barlaglar geçirilip, taryhymyzyň heniz açylmadyk gatlaryny täze maglumatlar bilen doldurmak wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Allaguly BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň arheologiýa bölüminiň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar