Howa maglumaty

8 Awgust 2022
194

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21... +26 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +34...+39 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29... +34 gradus maýyl bolar.