Türkmenbaşy şäherinde täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbi tutuldy

15 Aprel 2022
864

Şu gün Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag we kommunikasiýa edaralarynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlarynyň 5-siniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gatnaşdy.

Döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyna badalga bermek çäresiniň hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna toý saparynyň çäklerinde guralýandygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Munuň özi ilatyň durmuş derejesiniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň ýurdumyzyň günbatar sebitinde-de üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

«Türkmenistan».
Suratlarda: täze guruljak ýaşaýyş jaý toplumynyň taslamalary.
Beýleki habarlar