Taryhy ähmiýetli gymmatly miras

22 Noýabr 2022
236

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­ni be­ýik ösüş­le­re bes­le­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy­ny öw­ren­mek­de hem-de ony hal­ky­my­za ýe­tir­mek­de ägirt uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Düýn Türk­me­nis­ta­nyň Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty mu­ze­ýin­de Türk­me­nis­ta­nyň Ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri go­ra­mak, öw­ren­mek hem-de re­je­le­mek ba­ra­da­ky mil­li mü­dir­li­gi­niň gu­ra­ma­gyn­da «Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri: öw­ren­mek, go­rap sak­la­mak we re­je­le­mek tej­ri­be­si» at­ly san­ly ul­gam ar­ka­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­hat ge­çi­ril­di. Mas­la­ha­ta Türk­me­nis­ta­nyň Ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri go­ra­mak, öw­ren­mek hem-de re­je­le­mek ba­ra­da­ky mil­li mü­dir­li­gi­niň we onuň ga­ra­ma­gyn­da­ky Ta­ry­hy-me­de­ni döw­let go­rag­ha­na­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň Sy­ýa­hat­çy­lyk mü­dir­li­gi­niň we­kil­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň, Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­lym­la­ry we ins­ti­tut­da ýa­dy­gär­lik­le­ri re­je­le­mek hü­nä­ri bo­ýun­ça bi­lim al­ýan ta­lyp­lar, mu­zeý iş­gär­le­ri, şeý­le hem köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Biz hem san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len hal­ka­ra mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň kä­bi­ri­niň ýü­rek söz­le­ri­ni ga­ze­tiň oky­jy­la­ry­na ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.

Aý­jan ŞA­ÝY­MO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri go­ra­mak, öw­ren­mek hem-de re­je­le­mek ba­ra­da­ky mil­li mü­dir­li­gi­niň esa­sy hü­när­me­ni:

Bag­ty ÖDE­GU­LY­ÝE­WA,
«Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti».
Beýleki habarlar