Sirk sungatynyň hukuk binýady

23 Dekabr 2022
636

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýeti has giň gerim bilen ösýär. Medeniýet ulgamynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, milli sirk sungatyny täzeden döretmek hem-de ýokary derejelere çykarmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Sirk sungatymyz dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Şan-şöhraty dünýä ýaýran ahalteke bedewleriniň we türkmen ýigitleriniň, ýagny «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä döwletlerinde üstünlikli çykyş edip, tomaşaçylary haýran galdyrmagy hem-de baýrakly orunlara eýe bolmagy munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.

Sirk sungatynyň ösmegi üçin üçin ähli ykdysady we maddy mümkinçilikler bilen utgaşyklykda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bu çygyrdaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, ýakynda «Sirk we sirk sungaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi we bellenen tertipde herekete girizilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Sirk we sirk sungaty babatda döwlet syýasatynyň hukuk, durmuş-ykdysady esaslary hem-de sirkleriň işiniň hukuk esaslary, olary döwlet tarapyndan goldamagyň görnüşleri kesgitlenen bu Kanunda sirk tomaşalarynyň döredilmegi we köpçülige görkezilmegi bilen bagly ýüze çykýan gatnaşyklar düzgünleşdirilýär. Sirk şagalaňlylyk häsiýeti bilen tapawutlanýan, güýjüň, başarjaňlygyň, çalasynlygyň, batyrgaýlygyň, şeýle-de üýtgeşik we gülküli bir wakanyň, hokganyň görkezilmegini göz öňünde tutýan sungatyň görnüşidir. Agzalan Kanunda sirk işiniň bu sungatyň eserlerini görkezmek, konsert-tomaşa çärelerini geçirmek we olara gatnaşmak arkaly sirk sungaty babatda medeni gymmatlyklary döretmek, ýaýratmak, gorap saklamak boýunça döredijilik, önümçilik, ykdysady, tehniki, ylmy, bilim işidigi kesgitlenilýär.

Altyn ANNAMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäher kazyýeti, kazynyň kömekçisi
Beýleki habarlar