Ýyldyz deýin şuglaly

3 Dekabr 2022
675

Aýdym-saz zehini ýiteldýär. Ol döwrüň ruhy keşbiniň kemala gelmegine ýardam edýär. Mylaýym äheňli aýdym-sazlary diňlemek arkaly biz ruhy dünýämize gaýybana syýahata çykýarys. Şeýle ajaýyp owazy döreden, sungatda at alan, özboluşly owazy, sazy bilen milletiň kalbynda tagt guran ynsan bolsa hemişe baky ýaşaýar.

Sungatyň aşygy. Akgül ýeňňäniň bar hüýi-pişesi aýdym-saz bolansoň, maşgalada bellenilýän doglan günleriň şatlygy onuň ak ýüreginden gaýnap joşýan heňlerine garylyp giderdi. Öýe ýygnanan märekä şirin owazy bilen heziller berip, şatlyk-buýsanjyny sözlere geçirerdi. Bu höwes ony tas bagşyçylyk käriniň eýesi edipdi. Ol 1954-nji ýylda Ata Esadowyň dirižýorlyk etmeginde Aşgabatda geçirilen festiwala gatnaşyp, «Aýnabat» diýen aýdymy ýerine ýetirýär. Hakyky zehiniň özboluşly owazy diňleýjini biparh goýmaýar. Aýdym-saz boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi bolan Akgülüň sungat ýolundaky ilkinji ädimleri öz-özünden ýerbe-ýer boluberipdi. Emma gyz çekinjeňligi oňa böwet bolýan ilkinji sebäpleriň biridi. Üstesine-de, «Gyz halyňa aýdym aýdyp, il öňüne çykmak saňa gelişmez, gyzym! Gowusy, ýoluňy maşgalamyzdaky öňden gelýän mugallymçylyk kärinden gözläber» diýen kakasynyň maslahatyna uýan Akgül şol günden soň öz arzuw-hyýallaryny müdimilik kalbyna gizlemeli boldy. Oňa derek Lebap welaýatynyň Saýat şäherindäki 3-nji orta mekdepde mugallym bolup, bu ýerde zähmet ýoluny dowam etdirdi.

Ogulnar GURBANMÄMMEDOWA,
«Diýar».