Ata kes­bi – öm­re do­wam

28 Iýul 2022
222

Gyzyldan dury daýhanyň deri daman toprakda kesewini dürtseňem gögerjek eken. Ýogsam telim ýyllap boz ýatan bu ýerler adam ýaşamansoň, şorlaşyp gidipdi.

Çagalykdan kalbyna siňen bagbançylyk kesbi Myrady öz erkine goýarly däldi. Atasy Jumanyýaz aga Bekdemir obasynda ökde bagban diýlip tanalýardy. Kakasy Şükürbaý agadyr ejesi Aneliýa eje Boldumsaz nebit önümleri kärhanasynda işlänsoňlar, obadan etrabyň merkezine göçüp barypdylar.

Aý­na­bat NA­ZA­RO­WA,
«Di­ýar».