«Ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýet — tämiz ýaşaýyş

7 Fewral 2024
1019

Häzirki wagtda ekologiýa abadançylygyny gazanmak, daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň hataryndadyr. Ekologiýa meseleleri, daşky gurşawy ýaramaz tehniki täsirlerden we beýleki howplardan goramak bu gün tutuş dünýäde möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Howanyň üýtgemegi, Ozon gatlagynyň ýukalmagy, çölleşmek hadysasy arkaly abanýan howplar, aýry-aýry sebitlerde süýji suwuň ýetmezçiligi, howanyň hapalanmagy, biologiki dürlüligiň kemelmegi we başga-da birnäçe hadysalar häzirki döwürde möhüm ekologiýa meseleleri hasaplanylýar. Daşky gurşawy goramak bilen bagly syýasaty jemgyýetiň hem tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmak, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmek ýaly wezipeler üns merkezinde durýar. Ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işler, dünýä jemgyýetçiliginiň durnukly ösüş syýasaty halkara derejede ykrar edilýär. Bu babatda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinde möhüm başlangyçlaryň ençemesini öňe sürdi.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda parahatçylygy, howpsuzlygy we ynanyşmagy pugtalandyrmagy, Bitaraplyk syýasatyna ähmiýet berilmegini, öňüni alyş diplomatiýasy düşünjesiniň ýaýbaňlandyrylmagyny, durnukly ösüşiň bähbidine ulag, energetika, ekologiýa hem-de ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da berkitmegi öňe sürýän birnäçe başlangyçlar bilen çykyş etdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynyň öňe süren esasy meselesi dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekjek möhüm ugurlaryň biri bolan ekologiýa meseleleri boldy. Sessiýada ählumumy metan borçnamasynyň çäklerindäki tagallalara goşant hökmünde türkmen tarapy BMG-niň howandarlygynda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ählumumy strategiýany işläp düzmegi teklip etdi.

Gözel ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.