Türk­men ki­no sun­ga­ty­nyň rowaç menzilleri

7 Fewral 2024
307

Islendik ýurduň ösüşine onuň sungatyny synlanyňda göz ýetirmek bolýar. Häzirki ösýän zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, türkmen kinosy hem ösüşli menzillerde. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde kino sungatyna täzeçe çemeleşmeleriň ýokary göterilişiniň başlanandygy has-da guwandyrýar. Bu ugurdan bilim alýan ýaşlarymyzyň has sowatly bolmagy üçin ýurdumyzda hereket edýän ýokary okuw mekdepleri, galyberse-de, Russiýa Federasiýasynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Türkiýe Respublikasynda kino ugrundan hünärmenleri ýetişdirýän ýokary okuw mekdeplerini tamamlap gelen ýaşlarymyz türkmen kino sungatynyň ösmegine, kämilleşmegine özleriniň saldamly goşandyny goşýarlar. Olaryň döredýän filmleri halkara kinofestiwallarya gatnaşyp, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar.

2022-nji ýylyň 12 — 17-nji awgustynda režissýor Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» çeper filmi Russiýa Federasiýasynyň Ýekaterinburg şäherinde geçirilen Ýewraziýa yklymynyň «Altydan biri» atly Birinji halkara film festiwalynyň çäginde görkeziljek filmleriň maksatnamasyna girizilip, oňa gatnaşmaga hukuk gazandy. Şol ýylyň sentýabr aýynda Daşkent şäherinde geçirilen «Ýüpek ýolunyň düri» atly halkara kinofestiwala birleşigiň işgärleri «Gyzyl kürte», «Istärin», «At – myrat» atly çeper filmleri bilen gatnaşdylar.

Öre DAŞGYNOW,
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň filmiň edebi esasyny düzýän bölüminiň başlygy.