Älemi parahatçylyga çagyrýan şahsyýet

27 Noýabr 2023
351

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisinde Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy mynasybetli kararnamanyň kabul edilmegine bagyşlanan aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.

Dabarada Gündogaryň beýik akyldary, şygryýet äleminiň ýagty ýyldyzy saýylýan Magtymguly Pyragynyň watansöýüjiligi, halallygy, ynsanperwerligi, agzybirligi ündeýän täsirli şygyrlary edebi sazly kompozisiýa astynda diýseň täsirli ýaňlandy. Çäräniň dowamynda «Magtymguly» atly operadan bir parça görkezildi.

«Diýar»