«Iran Prože» atly sergi geçirildi

17 Noýabr 2023
394

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi açyldy. Serginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Sergide Eýran Yslam Respublikasynyň birnäçe kompaniýalarynyň öndürýän önümleri we hyzmatlary görkezildi. Gurluşyk we gurluşyk önümleri, tehniki we inženerçilik hyzmatlary, suw hojalygy, energetika, nebit-gaz we nebithimiýa, bilim hem-de söwda ugurlary boýunça işleýän kompaniýalar sergide diwarlyklary bilen aýratyn ünsi çekdi.

«Diýar».