Şu gün «Türkmenistan – ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly maslahaty geçirildi

17 Awgust 2023
521

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahaty geçirildi.

ÝUNESKO Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasydyr. ÝUNESKO-nyň esasy maksatlarynyň arasynda bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegi esasy orun alýandyr.

«Diýar»