''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Bedewleriň çyn muşdagy

Babaraplylaryň meleguşlary owadanlykda özlerini dünýä tanadan ajaýyp atlardy. Meleguşlaryň ilkinjisi, 1956-njy ýylda iňlis şa zenanyna sowgat berlipdi. Ikinjisi bolsa 1959-njy ýylyň 11-nji dekabryndan 1960-njy ýylyň 29-njy fewraly aralygynda Hindistanyň Deli şäherinde geçirilen halkara sergi-ýarmarka gatnaşyp, ýerli halkyň haýyşy boýunça dost-doganlygyň nyşany hökmünde olara sowgat berlipdi. Dünýäni haýrana goýýan meşhur ahalteke tohumyndan bolan şeýle ajaýyp atlary ösdürip ýetişdirmekde ata-babalarymyz seýisçiligiň nusgalyk mekdebini döredipdirler. Şeýle mekdebi döredenler Gökdepäniň gadymy Babarap obasynda hem az bolmandyr. Bu obada Kirpi Gadam, Ata Gurt... ýaly atşynaslar ýaşap geçipdirler. Şolaryň biri hem Myrat Rüstem eken. Myrat aga owadan, ýyndam ahalteke atlarynyň ençemesini ýetişdirmekde zähmetini gaýgyrmadyk atşynaslaryň biri bolupdyr. Biz onuň ömür ýoly bilen gyzyklanýandygymyzy ýaňzydanymyzda, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň hünärmeni, bu ugurda indi kyrk ýyl bäri zähmet çekip gelýän halypa atşynas Kerimguly Bäşimow: «Meleguşlaryň Meleguş bolmagynda Myrat Rüstemiň hem mynasyp paýy bar. Onuň nesilleri häzir Babarap obasynda ýaşaýarlar. Myrat aganyň körpe ogluna obada Çarow aga diýýärler. Ondan özüňizi gyzyklandyrýan maglumatlary ta

Hormatly Prezidentimiziň «ÄNEW — MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET» atly kitabyndan:

Adamzadyň ajaýyp geljegini bilelikde gurmak üçin täze-täze pikir-taglymatlary öňe sürmek — biziň döwletimize, Gahryman Arkadagymyza mahsus ýörelge. Ol ata-baba asylly ýolumyzyň döwrebap dowamaty. Çünki ýaşaýyş hemişe täze başlangyçlaryň, täzeçe pikirleriň muşdagy. Dünýäniň iň uly genji-hazynalarynyň biri — pikir. Täze pikirler, täzeçe pikirlenmeler täze gözýetimleri açýar, täze mümkinçilikleri döredýär. Bu babatda döwletimizde uzak geljegi nazarlaýan beýik başlangyçlardyr pikir-garaýyşlara has uly ähmiýet berilýär. Şonuň üçinem bu toprakda bolýan her bir waka dünýäniň ykbalyna täsirini ýetirip bilýär. Hut şonuň üçinem, Eziz Diýarymyz dünýäniň üns merkezinde — dünýäniň merkezinde! Pikirler, düşünjeler, garaýyşlar, taryhy we ylmy maglumatlar biri-biriniň üstüni ýetirip, biziň bereketli we derejeli döwletde, bagtyýar we beýik döwürde, topragy mukaddes Watanda ýaşaýandygymyzy ýene bir ýola tassyklaýar. Ýaşaýşyň bir täsin hakykaty bar: Gowy zatlaryň gürrüňini etmek hemmelerde gowy täsirleri galdyrýar. Gözel pikirler gözel düşünjeleri oýarýar. Ajaýyp söhbetleri köp diňledigiňçe, diňe ajaýyplyklar bilen gurşalýarsyň. Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň.

Gadymy Amul — taryhyň şöhratly sahypasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy türkmen topragynyň şöhratly taryhy, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen taryhy-medeni ýadygärlikleri çuňňur öwrenilip, halkymyzyň umumadamzat ösüşine goşan goşandy halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň» çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli 25-26-njy aprelde «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi munuň nobatdaky ykrarnamasydyr. Bu halkara forum hormatly Prezidentimiziň goldawy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen özara hyzmatdaşlygyň has-da berkidilýändiginiň aýdyň beýany bolup, ol ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň, Ylymlar akademiýasynyň hem-de Lebap welaýat häkimliginiň bilelikdäki tagallalary esasynda guraldy.

Halkara maslahat — tejribe mekdebi

Türkmenabat şäherinde «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi biz ― geljekki taryhçylar üçin diýseň ähmiýetli boldy. Dünýä döwletlerinden ozal işleri bilen tanşyp, kitaplaryny okap ýören alymlarymyzyň gelmekleri, olaryň halkara maslahatda çykyş etmekleri bolsa biziň üçin bahasyna ýetip bolmajak tejribe mekdebine öwrüldi. Biz halkara maslahatyň mejlislerine uly höwes bilen gatnaşdyk. Edilen çykyşlaryň ählisini bir umumylyk ― Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky esasy merkezleriň biri bolan gadymy Amul galasyny has çuňňur öwrenmegiň häzirkizaman ylmynyň esasy borçlarynyň biridigi barada pikir baglanyşdyrýar. Bu wezipe bolsa, ilkinji nobatda, ýaş taryhçylaryň egnine düşýär.

Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna

Şanly sene — şahyryň şanly senesinde! Aýhan Hajyýew 1924-nji ýylda Aşgabadyň etegindäki Bagyr obasynda dünýä inýär. Çeperçilik tehnikumynyň ýanyndaky mekdep-internatda okaýar. Ol 13 ýaşyndaka, «Pagta meýdanyndaky dynç alyş» atly suraty Çaga suratkeşleriniň bütinsoýuz bäsleşiginde ikinji orna mynasyp bolýar.

«Türki dünýäsiniň medeni paýtagty»

— Pikirler, düşünjeler, garaýyşlar, taryhy we ylmy maglumatlar biri‑biriniň üstüni ýetirip, biziň bereketli we derejeli döwletde, bagtyýar we beýik döwürde, topragy mukaddes Watanda ýaşaýandygymyzy ýene bir ýola tassyklaýar. — Taryha akyl ýetirmek bilen duýgy birleşende, watançylygyň nesillere nusgasy döreýär.

Arşda laçyna deň, ýerde — jerene

Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Çyn bedewler meýdanynda bellidir» diýip, waspyny ýetiren ahalteke bedewleri bu günki günde aýlawlary baglaýar. Halkymyz: «Gapyňda at dursa, toý küýsärmiş» diýýändir. Bedew barada gürrüň gozgalanda uzaklardan «Meniň dostum Meleguş» atly kinofilmiň sazy eşidilýän ýaly bolýar. Şonda şol owaza goşulyp, «Meleguşum, Meleguş, // Ýetdirme sen ýele guş» diýip, aýdyma hiňleneniňi duýman galarsyň. Üstünden ençeme ýyllar geçse-de, bu film köpimize tanyşdyr. Çünki bu kino eserinde türkmen bedewiniň gaýduwsyzlygy, duýgurlygy, wepalylygy, ýyndamlygy örboýuna galýar. Ýörände seýkin basýan, gyz gylykly, çapanda ýel bilen bäsleşip, ýerläp uçýan bedewler hakynda dörän «Aty baryň ganaty bar», «At rysgaly alnynda», «At agynan ýerde toý bolar» ýaly birnäçe nakyllaryň hem halkymyzyň owal-ahyr bedewler bilen ykbalyny baglandygyna güwä geçýär. Şonuň üçin hem bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen bedewlerimiziň at-owazasy älem-jahana ýaýylýar.

Halkyň hemişelik hemrasy

Müňýyllyklaryň dowamynda kämil derejä ýetirilen türkmeniň behişdi bedewlerini ýetişdirmek sungaty täze taryhy döwrümizde üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalary munuň şeýledigini aýdyň subut edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşleri bedew badyna deňelýär. Biziň ýurdumyzda halkymyz bilen bedewiň dostlugy asyrdan-asyra, nesilden-nesle baky dowamata öwrüldi. Türkmen halkynyň döreden: «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen parasatly jümlesi hem bedew ata nähili uly hormat goýulýandygyny äşgär edýär. Nusgawy edebiýatymyzda bedewiň üsti Süleýmanyň tagtyna deňelýär. Bedew atyň şanyna döredilen aýdymlar kalbymyzda, hakydamyzda baky ýaşaýar, ýüregimizi hemişe joşduryp durýar. Munuň özi türkmen halkynyň taryhyň dowamynda ahalteke bedewlerine aýratyn hormat bilen garandygynyň güwäsidir. «At — myrat» diýen paýhasly sözi döreden halkymyz nurana arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglapdyr.

Kalplara dolan bedewim

«Obamyzyň hormatly ýaşulusy Çary agalaryň gapysynda şatlyk-şagalaň bilen tutulýan gelin toýunyň atgulak asyljak güni bedew atlaryň çapyşygy boljakdyr» diýen habar ýyldyrym çaltlygynda oba ýaýrady. Bu habary eşiden atam howludan girişine: — Hany, Nurýagdy nirede? Dordepeli toýa taýýarlamaly ahyr — diýip, athana ýöneldi. Barşyna-da bedewiniň ýallaryndan sypap, misli ynsan bilen gürleşýän ýaly:

Ar­kaç­da­ky ga­dy­my oba-şäherler

Seýil edeliň, bu jahana,Jahanda näler görüner.Isgender, Jemşit saldyranBeýik binalar görüner.                                             Magtymguly Pyragy,                                                «Näler görüner»

Seljuk beg

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). XI asyryň II ýarymynda «Oguz ýurdy» ady, esasan, Syrderýa jülgesi babatynda ulanylypdyr. W.W.Grigorýew, W.W.Bartold, A.Ý.Ýakubowskiý, A.A.Roslýakow Seljuk döwletiniň esaslandyrylmagyna çenli oguzlaryň Syrderýanyň aşak we orta akymlarynda, Hazarýaka we Aralýaka etraplarynda, Wolgaýaka etraplaryna çenli aralykda ýerleşendigini ýazýarlar. S.G.Agajanow taryhy-geografiki edebiýatlaryň köpüsinde Seljuk döwletiniň döremegine çenli oguzlaryň ýerleşen ýerleriniň nätakyk düşündirilýändigini belleýär. Alym irki seljuk toparlanyşygynyň Syrderýanyň orta akymlarynda we Syrderýanyň golaýyndaky Garadagyň eteginde mesgen tutan oguzlar we türkmenlerden ybaratdygy barada netijä gelýär.

Şöhratly geçmişimiz öwrenilýär

Türkmen topragynda saklanyp galan arheologiýa we binagärlik ýadygärlikleriniň döwürdeşlerimize we nesillerimize şöhratly taryhymyz barada gürrüň bermekde ähmiýeti uludyr. Şol ýadygärlikleriň köpüsi gadymy söwda ýollarynyň ugrunda gaýnap joşan durmuşyň şaýady bolupdyr. Hakykatdan hem, çäk taýdan amatly ýerleşýän türkmen topragy Gündogar bilen Günbatar dünýäsiniň arasynda esasy köprä öwrüldi. Biziň çägimizden Aziýa we Ýewropa medeniýetleriniň arasynda möhüm aragatnaşyk ulgamlary geçipdir. Olaryň ählisi onlarça taryhy şäherler, ýüzlerçe desgalar we müňlerçe gymmatlyklar görnüşinde öçmejek yz galdyrypdyr.

Şöhratly taryhyň tarypy

«7/24. tm» №17 (204), 22.04.2024 Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we da­na şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň ulu­dan toý­lan­ýan ýy­lyn­da 2024-nji ýy­lyň 20-nji few­ra­lyn­da An­ka­ra şä­he­rin­de ýer­leş­ýän Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň (TÜRK­SOÝ) Baş sek­re­ta­ria­tyn­da 2024-nji ýyl­da Änew şä­he­ri­niň «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» di­ýip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li Änew şä­he­rin­de baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry, dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry, sun­gat us­sat­la­ry­nyň sy­ýa­hat­la­ry­dyr ge­ze­lenç­le­ri yzy­gi­der­li gur­nal­ýar.

Şöhratly geçmişe buýsanç

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly ajaýyp kitaby halkymyza sowgat bermegi göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Täze kitaby okap, şöhratly taryhymyza bolan buýsanjymyz has-da artdy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmakda başyny başlan işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam edýändiginiň güwäsi boldy. Hormatly Prezidentimiziň “Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabyny peşgeş etmegi halkymyzy örän guwandyrdy. Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, gadymdan gelýän milli medeniýeti her birimiziň kalbymyzda buýsanç duýgularyny döredýär. Änewiň şöhratly taryhy onuň bereketli topragy, gadymy medeniýet ojagy bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Biz hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitabyny okap, bu topraga togap edýäris, ekerançylyk medeniýetine çuňňur gyzyklanma bilen garaýarys. Esasan hem, bu gymmatlyklary öwrenmekde dünýä alymlarynyň alyp baran işleri bilen tanyşmak aýratyn gyzyklanma döredýär. Çünki olar gadymy topragyň taryhyny, döreden medeniýetini ylmy esasda öwrenmek bilen, uly işleri alyp bar

Merw we Beýik Ýüpek ýoly

Halklaryň arasyndaky ykdysady, söwda, medeni gatnaşyklaryň ösmeginde Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetiniň uly bolandygyny taryhy, ylmy çeşmeler tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyz Beýik Ýüpek ýolunyň dünýä ýurtlarynyň ykdysady, söwda, medeni gatnaşyklaryny ösdürmekdäki hyzmatyna şeýle baha berýär: «Özara gatnaşyklaryň medeniýeti, medeniýetleriň özara gatnaşygy, ine, Beýik Ýüpek ýolunyň köpasyrlyk tejribesi şonda jemlenendir, ata-babalarymyzyň pähim-paýhasynyň sütüni, daýanç kökleri hem şondadyr». Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ýurtlarynda täze-täze medeniýetler döräp, şol halkyň ýaşaýyş medeniýetine pugta ornaşypdyr. Şeýle medeniýet, döwrüň geçmegi bilen, milletiň maddy we ruhy gymmatlygyna öwrülipdir.

Merwiň syrly söhbetleri

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde mekan tutan gadymy türkmen topragy asyrlaryň söhbedini süňňüne siňdiren taryhy ýadygärlikleriň, galalaryň, şäherleriň... mekany. Olaryň hersi halkymyzyň baý taryhynyň bellibir döwri hakdaky täsin eser. Şeýle eserleri özüne siňdiren ýadygärlikler gadymy Mary topragynyň hem her menzilinde öňüňden çykýar. Ýekedeşik. Tagtabazar etrap merkeziniň golaýynda, Murgabyň çep kenarynda ýerleşýän Ýekedeşik gowaklar ulgamy — hakyky täsinlikler mekany. Ýarym silindr görnüşli gümmezli uzyn däliziň ugrunda birleşýän jaýjagazlardan ybarat ýerasty şäheriň ýekeje girelgesi bolansoň, oňa «Ýekedeşik» diýip at beripdirler.

Paryzdepeden Arkadag şäherine çenli

Paryzdepe taryhy ýadygärliginden günbatarlygyna seredeniňde, ajaýyp Arkadag şäheri görünýär. Şol pursat ata-babalarymyzyň «Owal akan ýerinden akarmyş aryk» diýen jümlesi biygtyýar ýadyňa düşýär. 2016-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň hut şu topraga, şu ýadygärlige şa gadamynyň düşmegi bilen bu ýerde gadymy arheologik ýadygärlikleri düýpli öwrenmek işine badalga berlen bolsa, indi bu gadymy mekanda täze şäher — nurana binalar peýda boldy. Paryzdepe ýadygärliginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabynda görkezilen taryhy maglumatlary tassyklaýan gymmatlyklaryň üstünden baryldy. 2024-nji ýylyň ýazky gazuw-barlag möwsüminde Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary ýeriň, takmynan, 7,5 metr aşagyndan, ýadygärligiň 14-15-nji we degişlilikde, 16-njy medeni gatlaklaryndan gadymy Änew medeniýetine degişli ajaýyp taryhy maglumatlary ýüze çykardylar. Ýüze çykarylan gymmatlyklar gadymy suw ulgamy bolan käriz akabasynyň köne akymynyň ugrundan tapyldy. Bu ýerde geçirilen gazuw-agtaryş ylmy barlaglaryň dowamynda, eneolit döwri diýlip atlandyrylýan, miladydan öňki V-IV müňýyllyklara häsiýetli, Änew I medeniýetiniň döwrüne mahsus bolan hojalykda giňden ulanylan gaplaryň bölekleri

Beýik Seljuklaryň atabeglik mekdebi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly watansöýüjiligiň belent waspyny ajaýyp teswirleýän eserinde, milli taryhymyzdaky «atabeglik mekdebi» barada şeýle beýan edýär: «Türkmen soltanlyklarynda ýörite atabegler bolupdyr. Olar ähli ugurlardan okuwly, terbiýeli bolup, harby tälimleri çuňňur özleşdiripdirler». Atabeglik mekdebi ilkinji gezek Beýik Seljuk türkmenlerinde ornaşdyrylyp, döwlet derejesinde ähmiýet berlen terbiýe ulgamy bolupdyr. Seljuk soltanlary şazadalary terbiýeläp ýetişdirmekde «atabeg» adyna eýe bolan, ylymly-bilimli, goşun terjribeligine eýe mugallymlary wezipelendiripdirler. Sebäbi döwletiň ykbaly ynanyljak geljekki soltanlaryň ýaşlykdan türkmen milli däp-dessurlarynda, ynsanperwer, gaýduwsyz, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin uly ähmiýet berlipdir. «Atabeg» adalgasynyň ýüze çykyşy

Taryha bagyşlanan taryhy kitap

Her bir güni uly üstünliklere, taryhy wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda  hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň halkymyza gowuşmagy aýratyn guwandyryjy waka boldy. Hormatly Prezidentimiz pähim-paýhasdan dörän eserinde «Bu kitaby ýazmakdan maksadym, türkmen we daşary ýurtly okyjylarymy ýurdumyzda alnyp barylýan il-halk bähbitli işleriň geriminiň giňligi, tagallalarynyň beýikligi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem olary beýik döwletimiziň bagtyýar hem-de ajaýyp geljegi üçin belent işlere ruhlandyrmakdan ybaratdyr» diýip, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen medeni we ruhy däpleri barada giňişleýin söhbet açýar. Täze kitap 3 bapdan we 7 bölümden ybarat bolup, «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplar hem-de «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gatar — Bagabat — Änew», «Gadymy Änew medeniýeti», «Änewiň arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhyndan», «Änew medeniýeti we türki dünýä», «Geçmişiň syry galan toprak», «Watan hakyndaky müdimi owaz» atly bölümler türkmen halkynyň şanly geçmişini dabaralandyrýar.

Beýik geçmişimize çuňňur hormat

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby ýurdumyzda hem-de halkara jemgyýetçiliginde, şeýle-de ýakynda halkara çärelerine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtly alymlarda, hünärmenlerde, dürli kärdäki myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Döwlet Baştutanymyzyň bu eseri gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanýar. TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edilen bu çözgüt Watanymyzyň belent halkara abraýa eýediginiň, türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan uly goşandynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň güwäsidir. Şeýle-de bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda agzybir halkymyza ýapylan ajaýyp serpaýdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby giň okyjylar köpçüligi üçin gymmatly gollanma boldy. Çünki bu kitapda türkmen halkynyň şöhratly geçmişi düýpli we giňişleýin beýan edilip, dürli taryhy maglumatlar berilýär. Şeýle hem bu ajaýyp eserde halkymyzyň taryhy, asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy medeni, ruhy däp-dessurlary barada söhbet edilýär.