Gadymy medeniýetiň ýadygärlikleri

22 Maý 2024
196

Arheologiýa ylmynda Jeýtun medeniýeti döwründen ilkinji siwilizasiýalara, bürünç zamanyna geçiş döwrüne «eneolit» ýa-da «daş-mis asyrlary» diýilýär. Munuň sebäbi, daş gurallary ulanmagyň dowam edýän döwründe täze mis gurallaryň hem ulanylyp başlanandygy bilen baglanyşyklydyr. Änew medeniýeti-de eneolit zamanyna degişli medeniýetleriň hatarynda orun alýar. Bu medeniýet 1904-nji ýylda Waşingtonyň Karnegi institutynyň professory Rafael Pampelliniň gadymy Änewde geçiren arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykaryldy. Şol gazuw-agtaryş işleri Änewiň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän depede medeni gatlaklaryň ikisini aýan etdi. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda giňişleýin söhbet edilýär.

Änew medeniýetiniň dowam eden döwri b.e. öňki V-IV müňýyllyklara gabat gelýär. Jeýtun we Änew medeniýetleriniň sepgidinde dowam eden maddy medeniýetiň dürli toparlarynda olaryň görnüşleriniň hil taýdan çalşygy bolup geçýär. Bu bolsa täze medeniýetiň başlanandygyny aňladýar. Änew medeniýeti öz ösüşinde birnäçe döwürleri başdan geçiripdir. Olaryň arasyndaky tapawutlar küýzegärlikde has aýdyň ýüze çykypdyr.

Nurgözel BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar