Kakageldi Gul pälwan

17 Maý 2024
203

Meşhur Maşa pälwanyň nesli we göreş meýdanyndaky ykbaly hakynda gyzyklanyp kän gözleg-ideg etdim. Ahyrsoňy Garagum sährasynyň Bükriöleň obasynda dünýä inip, häzirki wagtda bolsa Artyk obasynda ýaşaýan pälwan Baýsähet Kelowyň kömegi arkaly, Aşgabat şäheriniň Herrikgala ýaşaýyş toplumynda ýaşaýan, ençeme toýlary baglan Gul ogly Momma pälwanyň (halk arasynda tutulýan ady Kakageldi Gul pälwan) salgysyny anyklamak başartdy.

...1954-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Garagum sährasynyň Göbekli obasynda çarwa Gul Mommaýewiň maşgalasynda saryýagyzja oglan bäbek dünýä inýär. Gul aga türkmeniň milli ýörelgesine eýerip, syrgynyndaky oba mollasyny çagyryp, nowbahar çaganyň gulaklaryna azan-kamat aýtdyrýar. Dogluş hakyndaky şahadatnamada Momma diýlip ýazylsa-da, ene-atasynyň we dogan-garyndaşlarynyň Kakageldi diýip tutmaklary bilen, bu at ýörgünli bolupdyr.

Çarymyrat GARAHANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň weterany, polisiýanyň ätiýaçdaky podpolkownigi.
Beýleki habarlar