Dil bilmek — döwletlilik

17 Dekabr 2022
632

«Her dil — bir dünýä» diýen pederlerimiz dil öwrenmäge aýratyn ähmiýet beripdirler. Dil öwrenmegiň dünýä ýurtlary bilen işjeň gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky orny barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty munuň şeýledigini has-da aýdyň görkezýär. Dürli dilleri öwrenmek, dil bilmek ýurdumyzda ylmy-bilimi ösdürmekde, işewürlik ulgamynda, medeni gatnaşyklarda hem barha giň gerime eýe bolýar.

Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde dil öwretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Diýarymyzda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň ençemesi hereket edýär. Öwredilýän dilleriň hatarynda rus, iňlis, hytaý, ýapon, italýan dilleri ýaly, dünýäde has giň ýaýran diller bar. Daşary ýurt dillerine söýgi döretmekde Gahryman Arkadagymyzyň dünýä dillerine terjime edilen gymmatly eserleriniň ähmiýeti hem örän uludyr. Baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramçylygynyň uludan bellenilen günlerinde hormatly Arkadagymyzyň «Ýaşasyn, parahat durmuş!» atly şygrynyň arap, fransuz, iňlis, rus, hytaý dillerinde şol ýurtlaryň ussat aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilmegi halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirdi. Munuň özi sungatyň üsti bilen halklary ysnyşdyrmakda dünýä dillerini öwrenmegiň döwrüň talabydygyna ýene bir gezek aýdyň güwä geçýär.

Züleýha RAHYMOWA.
Türkmen döwlet maliýe instituty.
Beýleki habarlar