Taryhy çözgütler lukmanlary buýsandyrdy
Golaýda paýtagtymyzda bolup geçen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi ýurdumyzda demokratiýanyň barha dabaralanýandygyny aýdyň görkezdi. Hassahanymyzyň işgärleri hem bu taryhy mejlisiň il-ýurt bähbitli çözgütleri barada çuňňur pikir alyşdylar. Bu ýerde bolup geçen maslahata gatnaşan lukmanlarymyz ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçen mejlisde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine Gahryman Arkadagymyzyň mynasypdygy baradaky teklibiň hemmeler tarapyndan doly goldanylmagynyň tüýs ýerine düşendigini aýratyn nygtadylar. Hormatly Prezidentimiziň bu barada gol çeken Permanynyň lukmanlaryň başlaryny Göge ýetirendigini uly joşgun bilen aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri hökmündäki ykrarnamasynyň kanuny taýdan berkidilmeginiň Gahryman Arkadagymyzyň öz halkynyň, Watanyň öňünde bitiren uly hyzmatlary üçin mynasyp baha hökmünde tutuş milletimiz tarapyndan hoşallyk duýgulary bilen kabul edilendigi çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Bu çözgüt bütin halkyň göwün isleginiň birdigini görkezdi. Ösüşleri batlanýan, uly özgertmeleriň mekany bolan Türkmenistan özüniň Mi