HABARLAR

Kömür önümçiligi azalar

Halkara energiýa agentligi «Kömür- 2024» atly maglumat taýýarlady. Maglumatda elektrik energiýasyny öndürmekde giňden ulanylýan bu magdanyň, esasan, Hytaýda we Hindistanda has köp sarp edilýändigi, bu iki ýurtdaky artyşyň netijesinde geçen ýyl dünýäde kömre bolan islegiň 2,6 göterim artandygy bellenildi. Kömre islegiň artmagynda elektrik energiýasyna islegiň ýokarlanmagynyň we gidroelektrik beketleriň önümçiliginiň pese gaçmagynyň täsiri bolupdyr. Dünýäde sarp edilýän kömrüň ýarysynyň Hytaýa degişlidigi bellenildi. Ýewropada kömre bolan isleg 2000-nji ýyllardan başlap azalyşyny dowam etdirdi. Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda elektrik energiýasynyň önümçiligi kömürden 25 göterim azalypdyr. Günden we ýelden alynýan elektrik energiýasynyň çalt depginler bilen ösýändigine garamazdan, kömre bolan islegiň şu ýyl hem-de geljek ýyl üýtgewsiz bolmagyna garaşylýar. Şu ýyl Hytaýda elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň 6,5 göterim ösjekdigi sebäpli kömrüň sarp edilişiniň azalmagyna garaşylmaýar. Hindistanda bolsa, ýylyň ikinji ýarymynda kömre bolan islegiň azalmagyna garaşylýar. Maglumatda kömre bolan global islegiň belli bir sepgide ýetip, ýakynda azalyp başlajakdygy mälim edildi.

Tehnologiýa kompaniýalary Hytaýdan öňe geçdi

Ýaşamak üçin iň amatly şäherler

«The Economist » žurnaly dünýäde ýaşamak üçin iň amatly şäherleriň sanawyny taýýarlady. Neşire degişli bolan «The Economist Intelligence Unit» (EIU) sanawyna jemi 173 şäher girizilipdir. Sanaw taýýarlananda, esasan, durnuklylyk, medeniýet we daşky gurşaw, bilim, saglygy goraýyş hyzmatlary we infrastruktura ugurlary nazara alnyp, iň ýokary baly 100 bolan baha berilýär. Her ugurdan 30 töweregi maglumata garalýar we seljerilýär. Mysal üçin, saglygy goraýyş we bilimde berilýän hyzmatyň hiline we elýeterliligine seredilýär. Infrastruktura ugruna baha berlende, jemgyýetçilik ulaglary, ýollar, ýollaryň baglanyşygy, ýaşaýyş jaý we jemagat hyzmatlaryny göz öňünde tutulýar. Bilermenler bu ýylky ortaça balyň 76,1-e çykandygyny belleýärler. Ortaça bahanyň ýokarlanmagynda bilim ulgamynyň ösmeginiň täsiri bolupdyr. Deň baha alandygy sebäpli käbir orunlara birden köp şäher mynasyp görlüpdir. Sanawyň başynda Awstriýanyň Wena şäheri bar. Şeýlelikde, bu şäher sanawda üçünji gezek birinjiligi eýeledi. Şäher bäş ugruň dördüsinden ýokary baha mynasyp bolupdyr. Sanawyň ilkinji onlugyna girýän şäherleriň köpüsi geçen ýylkydan üýtgemedi. Ikinji orny Daniýanyň Kopengagen şäheri eýeläpdir. Üçünji ýerde Şweýsariýanyň Sýurih şäheri bar. Dördünji ýeri Awstraliýanyň Mel

Dikligine ýaýraýan tokaý

Ilkinji iňlis topary kosmosa gider

Birleşen Patyşalygyň Kosmos agentligi ilkinji iňlis astronawtlar toparyny kosmosa ugradar. Dört agzaly topara Timoti Pik serkerdelik eder. Pik 2016-njy ýylda Halkara kosmos bekedinde açyk asmana çykypdy. 52 ýaşly Pik kosmosa çykan iki iňlisden biridir. Iňlis astronawtlarynyň birnäçe günläp, ylmy tejribelere we tanyşdyrylyş maksatnamalaryna gatnaşjakdygy mälim edildi. Mundan ozal ähli agzasy iňlislerden ybarat bolan topar kosmosa uçmandy.

Tansyň saglyga täsiri

Dürli halklar irki döwürlerden bäri özboluşly aýdym- sazlary we tanslary döredipdirler. Tans etmek adamyň ruhuny göterýär. ABŞ-ly alymlaryň pikirine görä, tans adamyň saglygyna - da peýdaly. Üstesine- de diňe fiziki däl, eýsem, ruhy sagl y g y n a - d a oňyn täsir edýär. Wirjiniýa politehniki institutynyň bilermenleriniň geçiren barlagyna görä, tans nerw ulgamyny gowulandyrýar. Şeýlelikde, geplemek we ýöremek ukyby peselende, bular bilen göreşmek aňsat bolýar. Tans beýniniň içindäki utgaşyklygy üpjün edýär.

Kriptopul arkaly tölegi ýaýbaňlandyrar

Ýokary tizlikli ulaglary öndürmegi bilen tanalýan «Ferrari » kompaniýasy kriptopul arkaly kabul edilýän tölegiň çägini giňeldýär. Kompaniýa şu aýyň ahyryndan başlap Ýewropadaky ähli söwda nokatlarynda kriptopul arkaly töleg kabul etjekdigini mälim etdi. Şeýle hem kompaniýa ýylyň ahyryna çenli kriptopullaryň kanun taýdan kabul edilýän ähli ýurtlarynda şeýle mümkinçiligiň dörediljekdigini habar berdi. Italýan brendi geçen ýyl ABŞda kriptopul birlikleri arkaly tölegleri kabul edip başlapdy. Kompaniýanyň ýaýradan beýanatynda Ýewropada bu mümkinçiligiň döredilmeginiň ABŞ-da bu ugurda oňyn netije gazanylmagy bilen baglydygy aýdyldy.

Kosmos ykdysadyýeti ösýär

Soňky ýyllarda kosmos pudagynda has köp hususy kompaniýa işläp başlady. Indi kosmos giňişligi diňe bir ylmy tejribeleriň geçirilýän ýa-da aragatnaşyk antennalarynyň uçurylýan ýerine däl, eýsem, syýahatçylyk maksady bilen gidilýän ýere hem öwrülýär. Şeýle bolansoň, bu pudaga has köp maýa goýum gönükdirilýär. Bütindünýä ykdysady forumy bilen «McKinsey & Company » bu barada maglumat t a ý ý a r l a d y . Maglumatda 2035-nji ýyla çenli kosmos ykdysadyýetiniň 1,8 trillion dollara ýetjekdigi bellenilýär. Geçen ýyl bu görkeziji 630 milliard dollar bolupdyr. Bilermenler hususy kompaniýalaryň goşulmagynyň kosmosyň özleşdirilmegine itergi berendigini belleýärler. Ilon Mask, Jeff Bezos we Riçard Branson ýaly işewürler kosmos pudagyna has köp maýa gönükdirýärler. Netijede, kosmosa adam we ýük gatnatmagyň bahasy görnetin arzanlady.

Köneürgenç – Merkezi Aziýanyň derwezesi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen häzirki döwürde ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň taryhy geçmişi giňden öwrenilýär. Köneürgenç, Merw şäherleri, Nusaý galasy öz döwründe dünýä medeniýetiniň we ylmynyň ösmegine uly goşant goşupdyrlar. Köneürgenjiň baý taryhy gadymy ýadygärlikleri, dürli döwürleriň eksponatlary, özboluşly milli mirasy uzak ýyllardan bäri dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň alymlaryny, taryhşynaslaryny hem-de dünýä arheologlaryny gyzyklandyryp gelýär. Şäherde belli alymlar, syýasatçylar, serkerdeler, zergärler hem-de ökde ussalar ýaşapdyr. Şähere çar künjekden myhmanlar gelipdirler, täjirleriň we söwdagärleriň, syýahatçylaryň gelim- gidiminiň yzy üzülmändir. Hytaý imperatorlarynyň biri öz ilçisi Çžan Szýany Merkezi Aziýa ýurtlaryna syýahatçylyga ugradýar. Ilçi il arasynda «Hytaý Geredoty » ady bilen tanalypdyr. Bu hytaý alymy «taryhyň atasy » hasaplanypdyr. Hytaý ilçisi Merkezi Aziýa ýurtlarynda geçiren ekspedisiýasynyň netijesinde ýurtlaryň geografiki ýerleşişini, içerki resurslaryny, daglary we derýalary öwrenipdir. Bazarlara baryp görüpdir, harytlaryň bahalary bilen gyzyklanypdyr hem-de köp zatlar bilen tanşypdyr. Ilçi syýahatedýän wagty halklaryň medeniýeti, däp-dessurlary, ösen maldarçylyk pudagy we senetçil

Sanly ykdysadyýet – ösüşleriň girewi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 - 2025- nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işleriň netijesinde ähli önümçilik pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Sanly ykdysadyýetimiziň binýadyny barha kämilleşdirýär. Muňa maýa goýum syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylyp, önümçilik pudaklaryny, durmuş we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek üçin köp möçberde serişdeler gönükdirilmegi, Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagy we bu «akylly » şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilmegi aýdyň subutnamadyr. Sanly ykdysady ulgam bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşaýyş- durmuş derejesiniň hil we mukdar taýdan kämilleşmegine itergi berýär. Täze we döwrebap önümçilik- hyzmat desgalarynyň döredilmegi bir tarapdan ilatymyzyň iş bilen üpjünçiligine oňaýly şert döredýän bolsa beýleki tarapdan täze hünärleriň döremegine hem-de döwrebap hünärmenleriň kemala gelmegine itergi berýär. Bu bolsa kemala gelen bilim, hünär we tejribe ulgamyndaky döwreb