Jümle-jahan habarlary
Bäş reňkli köl Hytaýyň bäş reňkli öwüşgin berýän köli dünýäniň iň täsin tebigy ýerleriniň biri hasaplanylýar. Ol ýurduň tebigy seýilgäh―goraghanasynyň çäginde, daglyk ýerde, deňiz derejesinden 2 müň metr belentlikde ýerleşýär. Kölüň suwy kä ýaşyl, käte sary, käte-de mawy reňkli görünýär. Bu hem onuň esasy aýratynlygydyr. Gyşyň aýazly sowugynda-da kölüň suwy doňmaýar. Tomsuna bolsa onuň durnagöz arassa suwunyň derejesi peselmeýär. Bu hili täsin aýratynlyklary üçin ýerli ilat köli mukaddes ýerleriň biri hasaplaýar. Şeýle-de bäş reňkli kölüň golaýyndaky beýleki tebigy ýadygärlikler, täsin şaglawuklar we owadan ýaşyl otly daglyklar syýahatçylarynyň iň köp gezim edýän ýerleridir.