Türkmenistan we Russiýa iki sany gury ýük daşaýjy gämisini gurmakçy
Türkmenistanyň “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” AGPJ Tatarystanyň “Ak Bars” korporasiýasy bilen bilelikde iki sany gury ýük daşaýjy gämisini gurmagy maksat edinýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň penşenbe güni Aşgabatda geçirilen türkmen-rus işewürlik forumynyň dowamynda aýdanlaryna salgylanyp, TASS habarlar gullugy habar berdi. “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodymyz bilen “Ak Bars” korporasiýasynyň arasynda iki sany gury ýük daşaýjy gämisiniň gurluşygy barada bilelikdäki Memoranduma gol çekildi. Häzirki wagtda şertnama düzmek we bu taslamany durmuşa geçirip başlamak üçin amallaryň üstünde işlenilýär” diýip, Mämmethan Çakyýew belledi.