HABARLAR

Edaralaryň we raýatlaryň resminamalary barada 27/06/2024

“Aziýa motors” hojalyk jemgyýetiniň hasabynda duran “PV 220H” awtogreýderiniň 76-05 ПШ döwlet belgisiniň we tehniki pasportynyň ýitendigini habar berýäris. ***

Bildirişler

Rozymurat Abdullaýewiç Kurbanowyň BC derejeli, LB-025381 belgili sürüjilik şahadatnamasynyň ýitirilendigi habar berilýär. ***

Bildirişler

Muhammetaly Amanmuhammedowiç Annamuhammedowyň adyna berlen № 0001280 hususy telekeçi hökmünde döwlet belligine alnandygy baradaky, № 0000736 fiziki şahsyň salgyt töleýji hökmünde hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamalarynyň ýitendigini habar berýäris. ***

Abuna — 2024

Hormatly okyjylar! 2024-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin «Daşoguz habarlary» gazetiniň elektron görnüşine abuna ýazylyşygy dowam edýär.

Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem şäheriň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin, Köpetdag etraplarynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 9-njy iýulynda S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara-binasynda, ýagny sagat 09:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär! Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Abuna — 2024

Hormatly okyjylar! 2024-nji ýylyň ikinji ýarym ýyllygy üçin gazetimiziň elektron görnüşine abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini ýatladýarys. Gazetimiziň elektron görnüşine «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynda «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» bukjasyndan ýazylyp bilersiňiz.

Edaralaryň we raýatlaryň resminamalary barada 26/06/2024

Şaýdulin Begenç Orazgeldiýewiçiň adynda duran BR 41-31 AH döwlet belgili “Toyota Avalon” awtoulag üçin berlen güwänamanyň ýitendigini habar berýäris. ***

«PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY» AKYL-PAÝHAS BÄSLEŞIGINIŇ IV MÖWSÜMI

Hormatly raýatlar!

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan hem-de ýurdumyzyň çäginden daşarda saglygynyň barlanylmagy we bejerilmegi zerur bolan raýatlarymyz üçin milli puly daşary ýurt puluna çalyşmaga, şol sanda halkara «Visa» we «MasterCard» kartlarynyň hasaplaryny onlaýn görnüşde doldurmaga mümkinçilik berýän fiziki şahslar üçin «Menzilara bank» ulgamyndan peýdalanmaga çagyrýar. «Menzilara bank» ulgamyndan peýdalanmak üçin raýatlarymyz bir gezeklik banka gelip, tölege degişli resminamalarynyň asyl nusgalaryny barlatmaly hem-de daşary ýurt pulunda goýum hasabyny açmak we ulanyjy döretmek barada ýüz tutmaly. Şeýlelik bilen, bankyň www.dayhanbank.gov.tm resmi internet sahypasynyň «Onlaýn töleg geçirmek» bölüminiň üsti bilen sanly hyzmatyň amatly mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilerler.

Hormatly ildeşler!

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky karz almak üçin «Onlaýn-ýüzlenme» hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar. Karzlar barada maglumat almak üçin müşderä banka barmazdan, öýünde ýa-da iş ýerinde özi üçin amatly bolan karzyň görnüşini bankyň «halkbank.gov.tm» resmi internet sahypasyndan saýlap almaga mümkinçilik döredilen.