HABARLAR

Watanymyzyň kuwwaty artýar

Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlaryň kämil bilim-terbiýe almagy, bagtyýar durmuşda ýaşamagy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Eziz Diýarymyzda durmuş-ykdysady özgertmeler bilen bir hatarda, ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Diňe umumadamzat we milli ruhy-ahlak gymmatlyklaryna sarpa goýýan, täze bilimlere ymtylýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek bilen, biz geljegimize ynamly seredip bileris» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler ýaşlara uly üns berilýändigini görkezýär. Bu maksatnama ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, şol sanda, hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy we iş bilen üpjün edilmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge, olaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilendir.

Arkadagly döwrüň bagtyýar eneleri

Halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň nyşanyny dabaraly ýagdaýda gowşurmak ajaýyp zamanamyzyň asylly ýörelgesine öwrüldi. Türkmen halkynyň zenanlara bolan hormat-sarpasynyň, jemgyýetimizde zenan mertebesiniň hemişe belentdiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülen şeýle çuň mazmunly baýramçylyk dabarasy welaýatymyzda hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen dabarada giň gerim berlen buýsançly çykyşlarda nygtalyşy ýaly, döwrümiziň bagtyýar gelin-gyzlary döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, şol sanda ylym, bilim, medeniýet hem-de saglygy goraýyş ulgamlarynda göreldeli, döredijilikli zähmetiň nusgasyny görkezýärler. Ata Watanymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde olaryň bitirýän işleriniň bahasyna ýetme ýokdur. Mähriban enelerimiz maşgala ojaklarymyzyň guwanjydyr. Eneler ýaş nesli milli gymmatlyklarymyza sarpa goýmak, asyrlaryň kämillik mekdebini geçen durmuş ýörelgelerimize gyşarnyksyz eýermek ruhunda terbiýelemekde ägirt uly hyzmatlary bitirýärler. Halkymyzy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ýetiren hormat

Ýürekden çykýan alkyş sözleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere  Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy kalby nurly mährem eneleriň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda welaýatymyzdan bu hormatly ada mynasyp bolan bagtyýar eneler Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş aýdyp, ýürek buýsançlaryny beýan edýärler. Amansoltan Moljanowa, Gumdag şäherinden öý hojalykçy:

Täze döwür — täze sepgitler

Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty dünýä dolup, halkara bileleşikde mynasyp orun aldy. Aýratyn bellemeli ýeri-de, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen amala aşyrylýan beýik işleriň diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilýänligidir. Ýokary depginler bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň netijesinde döwletimizde ykdysady ösüşiň täze sepgitleri eýelendi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlandy. Hormatly Prezidentimiziň yglan eden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikler has belent derejelere çykar, ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek babatda badalga berlen başlangyçlar has-da rowaçlanar. Şunda ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmak, döwrebap tehnologiýalara esaslanýan önümçilik pudaklaryny döretmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek esasy ugurlar bolup durýar.

Eýjejik gyzjagazlar bäsleşdiler

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda bilelikde yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry welaýat döwlet drama teatrynda geçirildi. Bagtyýar nesilleriň ylymly-bilimli bolup ýetişmegini, hünär öwrenmegini we olarda sungata bolan söýgini döretmegi maksat edinen şadyýan bäsleşige onuň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan zehinli gyzjagazlar gatnaşdylar.

Ruhy hazynamyz, bahasyz baýlyk

Hormatly Prezidentimiz özüniň çuň pähim-paýhasa, öwüt-nesihata, kämil watançylyk duýgularyna ýugrulan şygyrlary bilen umumadamzat ruhy gymmatlyklar hazynasyna uly goşant goşan beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýar. Nesil terbiýesinde hem-de halkyň ruhy kämilligini pugtalandyrmakda akyldar şahyryň döredijiliginiň bahasyna ýetme ýokdur. Onuň pähim-paýhas düründen, çuň ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyndan kemal tapan şygyrlary hemişe halkymyzyň ruhy hemaýatkäri bolupdyr. Belent ahlakly, ylymly-bilimli, watansöýüji, ilhalar, bagtyýar nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekdäki tagallalarymyzda beýik şahyrymyzyň şygyrlary bize ruhy goltgy bolup durýar. Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu gün Magtymguly Pyragynyň şygyrlary halkara derejede ylmy esaslarda has içgin öwrenilýär. Berkarar döwletimizde giň möçberli özgertmeleriň rowaçlyk tapýan döwründe akyldar şahyrymyzyň agzybirlige, jebislige çagyrýan şygyrlary belent hörpde, aýdym bolup ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçen özbaşdak döwletli bolmak, bir döwlete gulluk etmek, agzybir ýaşamak ýaly watançylyk duýgularyna, öwüt-nesihatlara ýugrulan goşgulary milli Liderimiziň daşyna berkden-berk jebisleşip, gurýan, döredýän halkymyz üçin gy

Beýik söz ussadyna bagyşlandy

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Serdar şäher birleşmesi bilen bilelikde beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Şygyr bilen ýüreklere nagyş çeken akyldar» atly döredijilik sergisini guradyk. Onda halypa suratkeş Pökgi Meredowyň grafika işleri görkezildi.  Halypanyň döredijiliginde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy baradaky eserler uly orun tutýar. Şahyryň şygyrlar bossanynyň oňa dürli temalardan ajaýyp eserleri döretmäge itergi berendigini aýdyň görmek bolýar. Suratkeş P.Meredow Magtymguly Pyragynyň şygryýet ummanyny özüniň döredijilik işiniň ylham çeşmesi hasaplaýar.

Ömrümiň bezegi — ejemli günler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda arassa asmanly asuda Diýarymyza ajaýyp bahar pasly geldi. Biziň her paslymyzyň özüne ýetik gözelligi bar. Ýöne men elmydama bereketli güýz paslyny eziz kyblama, bahar paslyny bolsa mährem käbäme meňzedýärin. Sebäbi güýz paslynda biziň atalarymyza meňzeş agraslyk bar. Agras güýz paslynyň jana ýakymly, mylaýymja şemaly başymy sypap geçýär welin, edil dädemiň elleriniň ýylysyny duýýan ýaly bolýaryn. Bahar paslynda bolsa tebigat janlanyp, şeýle bir owadan görnüşe gelip, edil ejemiň owadanlygy, mähribanlygy bilen meňzeşligi görýärin. Onsoň asmandan parlak Günümiz nurly şöhlesini saçýar welin, ejemiň ýyljajyk gujagyna dolan ýaly mährem duýgyny başdan geçirýärin.

Bagtygülüň üstünligi

Mekdebimiziň 9-njy synpynda okaýan Bagtygül Arbatowa — zehinli ýaşlaryň biri. Ol mekdebimiziň göreldeli okuwçylarynyň hatarynda bolmak bilen, deň-duşlaryndan saýlanýar. Bagtygül ähli sapaklaryndan oňat ýetişýär. «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine yzygiderli gatnaşyp gelýär. Ol bäsleşige, esasan, türkmen dili we edebiýaty dersi boýunça gatnaşyp, mekdep we şäher derejesinde geçirilen tapgyrlarynda ýeňiji boldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bu bäsleşigiň welaýat tapgyrynda üçünji ýere mynasyp bolup, ýörite diplom bilen sylaglanmagy kalby bilimler dünýäsine atygsap duran ýaş zehini ýeneki üstünliklere ruhlandyrdy.

Ene waspy dillerde

Welaýatymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk dabaralary bir-birine ulaşyp, ýatdan çykmajak şatlykly pursatlara beslendi. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda Halkara zenanlar güni mynasybetli şäherimiziň “Goşa gumry” toý mekanynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly baýramçylyk konserti boldy. Oňa edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän zenanlarymyz, gyz-gelinler il sylagly, süýji dilli enelerimiz gatnaşdylar. Hemme zat eneden başlanýar. Dünýädäki ýaşaýyş eneleriň mähri bilen dowam edýär. Perzentli bolmak nesliň dowam etmegi maşgala üçin ýaşaýşyň, barlygyň esasy manysy. Ene mähremligine meňzeş bahar pasly toý- -baýramlara, şatlyk şowhuna beslenýär. Bu baýramçylyk dabarasy hem hakyky baýramçylyk çäresine öwrüldi. Onda turuwbaşdan welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasyna, aýdym-sazly çykyşlaryna, tanslara giň orun berildi. Zenan mertebesine, päkligine, mähremligine, wepadarlygyna bagyşlanan joşgunly çykyşlar belentden ýaňlandy.