Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Aşgabat, 30-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol welaýatyň ekin meýdanlarynda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär, 2023-nji ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak işleri guramaçylykly dowam edýär hem-de pagta öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Ýazky ekiş möwsümi üçin oba hojalyk tehnikalary abatlanylýar we gözden geçirilýär, ýeralmany, beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işine taýýarlyk görülýär.