HABARLAR

Iň uzyn derýalar barada

AMAZONKA Iň uzyn derýanyň haýsydygyny kesgitlemek ahyry alymlara başartdy. 2014-nji ýylda amerikan alymy Jeýms Kontos öz ylmy-barlaglarynyň netijesine görä, Amazonka derýasynyň Nil derýasyndan onlarça kilometr uzyndygyny subut etdi. Şeýlelikde, Amazonka derýasy dünýäde iň uzyn derýa bolup, onuň uzynlygy 6 müň 800 kilometre deňdir. Onuň suw howdanynyň tutýan meýdany bolsa 6,9 million kilometr inedördüle barabar. Bu derýa Braziliýa, Peru, Boliwiýa, Kolumbiýa, Ekwador, Wenesuela, Gaýana döwletleriniň çäginden akyp geçýär.

Ýurdumyzda täze tokaý-seýilgäh zolaklary döredilýär

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ählihalk bag ekmek maksatnamasynyň, ilkinji nobatda, ekologik nukdaýnazardan, şol sanda halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi babatda hem uly ähmiýetlidigini yzygiderli belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ilatly ýerleriň töwereginde täze tokaý-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Öz çäklerini barha giňeldýän şäherleriň eteklerinde kemala gelýän şeýle zolaklar adamlar üçin örän bähbitlidir. Iň gadymy döwürlerde-de adamlar dogduk ülkesini gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek üçin suwaryş ulgamlaryny döredip, dürli görnüşli baglary ýetişdiripdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredilýän mümkinçilikleriň we öňdebaryjy usullaryň netijesinde bu işler netijeli häsiýetde ýerine ýetirilýär. Bagy-bossanlyga büremek maksatnamasynyň möçberini nazarda tutup hem-de ýokary hilli nahallara barha artýan islegi kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda olary ýetişdirmegiň öňdebaryjy täze usullary ornaşdyrylýar. Ýaşyl tokaý zolaklarynyň kemala getirilmeginiň öňdebaryjy suw tygşytlaýjy oba hojalyk tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy bilen utgaşyklylykda alnyp barylmagy hem möhüm ähmiýete eýedir.

Täsin tebigatly Täjigistan

Gün sistemasynda-da Täjigistan bar. Has takygy, Mars bilen Ýupiteriň arasyndaky kiçijik planetalaryň biri şeýle atlandyrylýar. Bu at oňa dünýä astrofizika ylmynyň ösüşine mynasyp goşant goşan täjigistanly alymlaryň hormatyna dakyldy. Ýöne biziň gürrüňimiz asman giňişligindäki däl-de, goňşy döwletimiz Täjigistan Respublikasy barada. Täjigistan — zoroastrizm, yslam, pamir we budda medeniýetleriniň ulaşan ýurdudyr. Bu ýurtda halkyň milli mirasyndan, datly tagamlardan başlap tebigatyň gözelliklerine, taryhy ýadygärliklere çenli ähli zat syýahatçylarda ýakymly täsir galdyrýar. Olaryň arasynda Buddanyň toýundan edilen 12 metrlik heýkeli, Samanidleriň we Kir II patyşanyň, Garakölüň we «Ýedi gözel» şaglawugynyň ajaýyp görnüşleri, dünýäniň iň beýik belentlikleriniň 50-siniň sanawyna girýän Ysmaýyl Somony belentligi ýaly täsin ýerler bar.

Hoş geldiň, bahar!

Ganat bolup Arşyň ylham atyna,Zeminiň kalbyny yran, baharym.Meýmiräp kuýaşyň muhabbetine,Yşgyň közi bolup körän, baharym. Älemiň gümmürdäp huşa gelmesi,Derýalaň lummurdap joşa gelmesi,Duýgulaň serhetden aşa gelmesi,Sämeden serlerňe seýran, baharym.

Çeşme-çaýlar dolup akýar

Gojaman Köýtendagda bahar pasly hökmürowanlyk edýär. Şahandaz paslyň ýyly demi ähli barlyga özüniň jadylaýjy täsirini ýetirýär. Ot-çöpler gülläp, ýaprak çykaryp, dagyň gözelligine gözellik goşýar. Baglaryň şahalarynda bolsa dürli guşlar owaz edip, ülkämizde ýene bir täzeleniş döwrüniň başlanýandygyny äleme jar edýär. — Üstümizdäki ýylyň gyşy öňki ýyllar bilen deňeşdirilende aşa ygally geldi. Bu ýagdaý bizi örän guwandyrýar. Sebäbi dagyň we dag eteginiň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň abadançylygy köp derejede tebigatyň bu ýagdaýyna bagly bolup durýar— diýip, Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri Näzik Öwezowa kanagatlanma bilen gürrüň berýär.

Ýaz nygmaty

Ýaz nygmaty bolan kömelek gök gürläp, ýyldyrym çakyp ýagan ýagyşdan soň gögerýär. Kömelek gözlemegiň, tapyp almagyň hem özboluşly düzgüni barada ene-atalarymyzyň beren maslahatyny biz bu gün öz çagalarymyza gaýtalaýarys. Kömelegiň köp bolýan ýerine «kömelekhana» diýilýär. Kömelekhanadaky uzynja, akja sapaklar ýüzlerçe ýyl ýaşap bilýär. Şol akja köklerden hem kömelek emele gelýär. Kömelegi tapanyňda ony düýbüniň gumy bilen goparmaly däldigini, aýratyn hem, güberilip duran ýeri çöpjagaz bilen dyrmalaşdyryp kömelek alnanda, ony köki ýerde galar ýaly edip almalydygyny tabşyrýardylar. Ýene bir bilmeli zat, kömelek alan ýeriňdäki emele gelen çukurjygy gum bilen gömmeli. Ýogsam, kömelegiň kökleriniň gurap, ýeliň ugruna uçup gitmegi mümkin.

Baharyň säheri

(Oýlanma) Bahar, seniň waspyňy etmedik, al-elwan gülli, edil haly düşelen ýaly mahmal ýaýlalaryňa, hoştap howaňa, mymyk ýelleriňe, owadan säheriňe melul bolmadyk ynsan barmyka?! Megerem, ýok bolsa gerek. Seniň ýakymly howaňy, owadan gül-gülälekleriňi, ajaýyp gözelligiňi, üýtgeşik säheriňi goşgy setirlerinde, bahar säheri ýaly ýakymly eserlerinde wasp etmedik şahyr, ýazyjy ýokdur. Ýazyň hem güýzüň şahyry Gurbannazar Ezizow:

«Al-ýa­şyl ge­ýi­nen so­na top­ra­gym»

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Biz top­ra­ga «ene top­rak» diý­ýä­ris. Çün­ki top­rak ene ýa­ly mu­kad­des­dir, ke­ra­mat­ly­dyr. Şeý­le bo­lan­soň ony mäh­rem ene­le­ri­mi­zi aýap-söý­şü­miz ýa­ly söý­mek, hor­mat­la­mak ge­rek. Te­bi­ga­ta, me­le top­ra­ga bo­lan söý­gi hal­ky­my­zyň me­de­ni­ýe­ti­niň, ru­hy dün­ýä­si­niň, aňy­ýe­ti­niň bir bö­le­gi­dir. Türk­men te­bi­ga­ty özü­niň gö­zel­li­gi, gül-gü­lä­lek­li säh­ra­la­ry, so­nar­ly meý­dan­la­ry, çeş­me-çaý­la­ry, ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si, dün­ýe dö­räp du­ran dag­la­ry bi­len gö­ren­le­ri haý­ra­na goý­ýar. Türk­men te­bi­ga­ty­nyň was­py şa­hyr­la­ryň hem dil­le­rin­de des­san­dyr.

Tebigatyň täsin gurşawy...

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Dün­ýä­de te­bi­ga­tyň adam sag­ly­gy­na ýe­tir­ýän tä­si­ri örän ulu­dyr. Şo­nuň üçin hem is­len­dik bir adam te­bi­ga­ty aýaw­ly sak­la­mak­da özü­niň yh­la­sy­ny gaý­gyr­man dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na eýer­me­li­dir.

Guşlar dünýäsi

Guşlar ynsanyň ganatly dostlarydyr. Olar tebigatyň zyýankeşlerini ýok etmekde biologiki goragçylarymyzdyr. Guşlar — tebigatyň tapylgysyz gözelligi we baýlygy. Biziň ýurdumyzda guşlaryň 376 görnüşi hasaba alyndy. Olaryň köp görnüşi ýurdumyzyň gündogar sebitiniň hemişelik ýaşaýjylarydyr. Taryhy maglumatlara görä, towuk şekilli guşlar (towuk, bedene, hindi towugy, tawus) Günorta — gündogar Aziýa sebitinde örän ir — neolit döwründe eldekileşdirilipdir. Wagtyň geçmegi bilen bu guşlar Mesopotamiýa, Müsüre we Gresiýa ýaýrapdyr. Şol döwürde towuk şekilli guşlar Siriýada hem giňden köpeldilipdir. Häzirki wagtda towuk şekilli guşlaryň 7 sany maşgalasy, 280-den gowrak görnüşi bellidir.