Köýtendagyň täsinlikleri
Köýtendag dag gerişleriniň we derýa jülgeleriniň ekologik ulgamlarynyň toplumyny dikeltmek, gorap saklamak, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genetik goruny hem-de sebitiň tebigatyny baýlaşdyrmak maksady bilen 1986-njy ýylyň 11-nji iýulynda Köýtendag döwlet goraghanasy döredildi. Onuň umumy meýdany 27139 gektara deňdir. Goraghananyň düzüminde Hojaýpil, Hojaburjybelent, Garlyk, Hojagarawul çäkli goraghanalary bar. Köýtendagda 60-a golaý ululy-kiçili gowaklar bolup, olardan 6-sy tebigy ýadygärlik hökmünde ykrar edilendir. «Haşymoýuk», «Gülşirin», «Aralyk», «Gapgotan», «Daşýürek» gowaklary özleriniň ylmy, gözellik, syýahatçylyk gymmatlyklary boýunça örän ähmiýetlidir. Bu gowaklar, esasan, ýeriň aşaky gatlaklaryndaky ýumşak jynslaryň suwda eremegi sebäpli boşluklaryň döremegi netijesinde millionlarça ýyllaryň dowamynda döräpdir. Olaryň ählisi Garlyk obasynyň gündogarynda Köýtendag gerşiniň demirgazyk eňňidinde ýerleşýär.