HABARLAR

Ki­bers­port sportuň täze görnüşi bolup, onuň esasy aý­ra­tyn­lyk­la­ry

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Ki­bers­port — bu wi­deo oýun ýa­ryş­la­ry­dyr. Mun­da oýun­çy­lar ýe­ke­le­ýin ýa-da to­par­la­ýyn gör­nüş­de hem çy­kyş edip bi­lýär­ler. Elekt­ron spor­ta baş­ga­ça komp­ýu­ter spor­ty ýa-da es­port — elekt­ron spor­ty hem di­ýil­ýär. Ol spor­tuň we komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ut­gaş­dy­ryl­ma­sy bo­lup, wir­tu­al gör­nüş­de ama­la aşy­ryl­ýar.

Şöhraty aýandyr älem-jahana

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da Fran­si­ýa­nyň Pa­riž şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek XXXIII Olim­pi­ýa oýun­la­ry ba­ra­da oý­la­na­nyň­da, onuň sa­na­wy­na gir­ýän grek-rim gö­re­şi ha­kyn­da oý­lar se­ri­ňe dol­ýar. Spor­tuň, oýun­la­ryň dö­re­ýiş, ösüş ta­ry­hy ha­kyn­da nä­çe oý­lan­dy­gyň­ça, bu ge­çi­len uzak ta­ry­hy ýo­luň do­wa­myn­da halk­la­ryň öza­ra dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň, bi­rek-bi­re­giň dö­re­den, dün­ýä be­ren gym­mat­lyk­la­ry­na go­ýan sar­pa­sy­nyň ta­ry­hy bi­len ýüz­be-ýüz bol­ýar­syň.

Pa­riž 2024: fut­bol ýa­ryş­la­ry­nyň bi­je­le­ri çe­kil­di

Çempionlar Ligasynda çärýek final duşuşyklary

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da möw­süm ahyr­lap bar­ýar. Gel­jek hep­dä­niň si­şen­be we çar­şen­be gün­le­ri, ýag­ny 2-3-nji ap­rel­de ýa­ry­şyň çär­ýek fi­na­ly­nyň 1-nji du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ri­ler. Çär­ýek fi­nal­da fut­bol jan­kö­ýer­le­ri­ne yk­ly­myň öň­de­ba­ry­jy 8 klu­bu­nyň ara­syn­da çe­ke­le­şik­li we dart­gyn­ly du­şu­şyk­la­ryň 8-si ga­raş­ýar. Du­şu­şyk­lar Aş­ga­bat wag­ty bi­len 00:00-da baş­la­nar. PSŽ–«Barselona»: taryhy duşuşyklaryň bijesi

Hepdäniň esasy duşuşyklary

29-njy mart (an­na) Lill – Lans (01:00)

Lebaply pälwanlaryň nobatdaky üstünligi

Türkmen türgenleri Moskwa şäherinde Sambony esaslandyryjylaryň Kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlaryň dördüsini eýelediler. Ýaryşda sport sambosy boýunça gazanylan 4 medalyň üçüsine lebaply pälwanlar mynasyp boldular. Her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu ýaryşa dünýä döwletleriniň 13-sinden pälwanlaryň 250-den gowragy gatnaşdy. Baýrakly orunlary almak ugrunda guralan tutluşyklarda Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebiň tälimçisi Jemal Awlýakulyýewa 65 kilograma çenli agram derejesinde altyn medala mynasyp boldy. Ýurdumyzyň ýygyndysyna bürünç medaly-da ýene-de şol sport mekdebiniň tälimçisi 80 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Saodat Işmuradowa getirdi. Köýtendag etrabyndaky 4-nji sport mekdebiň tälimçisi Nedir Allaberdiýew bolsa 79 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala eýe boldy.

Türkmenistanyň birinjiliginden ýeňiş bilen

Aşgabat şäherinde ýeňil atletika boýunça 2005 — 2006, 2007 — 2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda guralan ýaryşlarda welaýatymyzyň topary birinji orna eýe boldy. Toparyň düzüminde türkmenabatly, dänewli, çärjewli we köýtendagly türgenler çykyş etdiler. Dürli aralyklara ylgamak, uzynlygyna bökmek boýunça we estafeta ýaryşlarynda ýeňil atletikaçylarymyz baýrakly orunlaryň 26-syna mynasyp boldular. Ýaryşa türgenleri tälimçiler Ildar Hojaýew, Sabina Sultanowa, Atajan Durdyýew, Çary Açilow taýýarladylar. Ýeňijiler degişli diplomlar we medallar bilen sylaglanyldylar.

Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli 2009-2010-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň 4-nji sport mekdebi bilen bilelikde sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirdik. Ýaryşyň jemi boýunça  birinji orna «Deňizçi», ikinji orna «Mawy kenar», üçünji orna «Hazar» toparlary mynasyp boldular. Ýeňijilere ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Sport

KÜŞTÇILER BÄSLEŞDILER Döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde gowy netijeler gazanylýar. Sporta höwesek türgenleriň sany ýylsaýyn artyp, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň sport abraýyny goramakda şowly çykyş edýärler. Ezber türgenleriň ýetişdirilmeginde sport mekdepleriniň tälimçileriniň saldamly goşantlary ýatlanylmaga mynasypdyr.

Sportuň sarpalanýan eýýamy