HABARLAR

Beýik ynama, mukaddes borja wepalylyk

Türk­men tür­gen­le­ri “Olim­pi­ýa oba­syn­da”

XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­ýan tür­gen­le­riň ýa­şa­ma­gy üçin Pa­ri­žiň de­mir­ga­zy­gyn­da «Olim­pi­ýa oba­sy» dö­re­dil­di. Iri sport baý­ram­çy­ly­gy­nyň geç­ýän gün­le­rin­de bu ýer­de 14 müň­den gow­rak adam, şol san­da 9 mü­ňe go­laý tür­gen ýa­şar. Ozal ha­bar ber­şi­miz ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň sport we­ki­li­ýe­ti 23-nji iýul­da Fran­si­ýa­nyň paý­tag­tyn­da da­ba­ra­ly gar­şy­la­nyp, «Olim­pi­ýa oba­syn­da» ýer­leş­di­ril­di. Bi­na­nyň 10-njy ga­tyn­da türk­men baý­da­gy­na we «Te­am Turk­me­nis­tan» di­ýen ýaz­ga gö­züň dü­şen­de, ata Wa­ta­ny­my­za buý­san­jyň has-da art­ýar. Tür­gen­le­ri­miz soň­lu­gy bi­len döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­na öw­rül­jek öz­bo­luş­ly sport oba­syn­da ýa­şa­mak üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi­ni aýd­ýar­lar. To­mus­ky Olim­pia­da ta­mam­la­nan­dan soň ge­çi­ril­jek Pa­ra­lim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­jak 9 müň tö­we­re­gi tür­gen hem şol ýer­de ýa­şar.

Türkmen türgenleri tomusky Olimpiýa oýunlarynda

22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda jemgyýetçilik birleşikleriniň, Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň ýolbaşçylarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, talyplaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi. Ýokary guramaçylykly dabara çuň many-mazmuna, şatlyk-şowhuna beslendi. Pariž Olimpiadasyna Türkmenistandan 19 adamdan ybarat sport wekiliýeti, şol sanda türgenler sportuň dzýudo, agyr atletika, ýeňil atletika we suwda ýüzmek görnüşleri boýunça gatnaşarlar.

Musa JALAÝEW, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzasy:

— Pariž Olimpiadasynda ata Watanymyzyň adyndan çykyş edip, türkmen sportunyň belent at-abraýyny dünýä ýaýmak baş maksadymyzdyr. Bize ýokary derejede ynam bildirip, hemmetaraplaýyn goldaw berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Nesip bolsa, döwletimiziň, mähriban halkymyzyň bildirýän ynamyny ödäp, ata Watanymyza ýeňiş bilen dolanyp gelmek üçin güýç-gaýratymyzy gaýgyrmarys. Walentina MEREDOWA,Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzasy:

Ýoldaşlyk duşuşygyndaky ýeňiş

«Arkadag» futbol topary häzirki wagtda Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawyna taýýarlyk görmek üçin Rumyniýada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Topar ýakynda geçiren ýoldaşlyk duşuşygynda Rumyniýanyň üçünji ligasynyň wekili «AKS Kids Tampa Braşow» klubuny 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bu ýoldaşlyk duşuşygynda «Arkadag» toparynyň düzüminde Resul Hojaýew, Didar Durdyýew hem-de Nazar Towakelow dagy tapawutlandy.

Kubok ugrundaky bäsleşik başlaýar

Ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň edara binasynda futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň nobatdakysynyň bijeleri çekildi. Bu gezekki bäsleşige Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň 9-sy («Arkadag», «Altyn Asyr», «Ahal», «Aşgabat», «Şagadam», «Nebitçi», «Merw», «Energetik», «Köpetdag») gatnaşar. Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň geçiş tertibine laýyklykda, futbol çempionatymyzyň geçen möwsüminde soňky iki orny eýelän «Merw» bilen «Şagadam» toparlary deslapky tapgyrda güýç synanyşarlar. Bu toparlaryň arasynda geçiriljek oýunlaryň netijesinde ýeňiş gazanan topar bijä laýyklykda, çärýek finalda «Altyn Asyr» topary bilen duşuşar. Deslapky tapgyryň duşuşyklary 11-nji hem-de 14-nji awgustda geçiriler. Şeýlelikde, geçirilen bijä laýyklykda, beýleki çärýek final jübütlerini «Arkadag» — «Energetik», «Nebitçi» — «Aşgabat» hem-de «Ahal» — «Köpetdag» toparlary düzdüler. Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýek finalynyň birinji duşuşyklary 24-25-nji awgustda, jogap oýunlary bolsa 2-3-nji sentýabrda geçiriler.

Aşgabatdan Pariže: täze medallar üçin ak ýol!

Bu gün Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna, Aşgabadyň bolsa sport şäherine öwrülendigi aýdyň hakykat. Ynha, şol ajaýyp şäherden dünýäniň çar künjünde geçirilýän sport ýaryşlaryna gatnaşmak üçin ýola düşýän türgenlerimiziň hem yzyna medalsyz dolanyp gelýäni seýrek. Bu gün bütin dünýäde Aşgabat şäheri medallary gowşurýan we kabul edýän sport şäherleriniň biri hökmünde meşhur. Ynha, 22-nji iýulda paýtagtymyzda geçirilen dabarada hem muňa ýene bir ýola şaýat bolduk. Şol gün XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan ýurdumyzyň wekilçilikli topary merjen paýtagtymyzdan Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherine ugradyldy. Elbetde, olar dünýäniň iň uly sport baýramçylygyna gatnaşyp, ýurdumyzyň sport abraýyny gorarlar. Dostlukly ýurda ugran Türkmenistanyň sport wekiliýeti Parižiň Şarl de Goll adyndaky Halkara howa menzilinde gyzgyn garşylanyldy. Türgenlerimiz bu ýerde 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda sportuň dürli ugurlary boýunça bäsleşerler.

Berk ynam bilen beýik ýeňişlere

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän ynamyna we eziz Diýarymyzda sporty ösdürmek ugrundaky hossarlyk aladalaryna ussat türgenlerimiz beýik ýeňişleri bilen jogap berýärler. Ykbalyny sporta baglan ýaşlarymyz bu gün Aziýa we dünýä ýaryşlarynda ýeňiş gazanyp, türkmen sportunyň taryhynda öçmejek yz galdyrýarlar. Şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalarynyň bu ýaryşa uly dabara bilen ugradylmagy türgenlerimiziň ruhubelentligini, yhlasyny has-da artdyrdy. Ýygyndymyzyň düzüminde dzýudo sportunyň ilkinji ädimlerini welaýatymyzdan başlan türgenleriň ikisiniň çykyş etmegi bolsa biziň üçin aýratyn buýsançly ýagdaýdyr. Hojambaz etrabyndan 20 ýaşly dzýudoçy Serdar Rahymow we Köýtendag etrabyndan 19 ýaşly zehinli türgenimiz Madina Pardaýewa häzirki wagtda paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak bilen, türkmen sportunyň şanynyň has-da beýgelmegine saldamly goşant goşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesinden we hormatly Prezidentimiziň beýik ynamyndan ruhlanýan ýaş türgenlerimiziň Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etjekdiklerine uly ynam bildirýäris.

Türkmen türgenleri Pariž olimpiadasynda

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynda dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin parahatçylygyň we abadançylygyň ilçisi bolan sportuň hem sport diplomatiýasynyň aýratyn orny bardyr. Umumadamzat bähbitli durnukly ösüşiň maksatnamalaryny goldamak bilen, biziň ýurdumyz Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, şeýle hem sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara we sebit guramalary bilen giň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Bu günki günde türkmen türgenleri Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyny has-da şöhratlandyrarlar. Pariž şäheri bir asyr arakesmeden soň, tomusky Olimpiýa oýunlaryny kabul eder. Häzirki wagtda Ýer ýüzüniň sport janköýerlerini özüne çekýän, dört ýyldan bir gezek geçirilýän tomusky Olimpiadasy bosagada dur. Bu sport baýramçylygy dünýä halklarynyň arasynda dostlugy, parahatçylygy we jebisligi pugtalandyrar. Şeýle hem dünýäniň iň bir naýbaşy oýunlaryna türkmen türgenleriniň gatnaşmagynyň özi hem tolgundyryjy. Elbetde, bularyň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy

Sport. Sport. Sport.

Üstünlik — geljegiň gözbaşy Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde durmuşa geçirilýän giň möçberli işleriň netijeleri sport syýasatynyň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli bu syýasatyň maksady bolsa, halkymyzyň saglygyny goramakdan we berkitmekden ybaratdyr.