HABARLAR

Uýalardan tama uly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bolup geçýän şanly wakalar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine sary bedew bady bilen öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. «Biz ýaşlarymyzyň sagdyn we berk bedenli, ruhubelent bolup kemala gelmekleri, olaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, ýaramaz endiklerden daşda durmaklary, zähmet bilen dynç alşy utgaşdyrmaklary, sport äleminde ýokary netijeleri gazanmaklary üçin geljekde-de ähli şertleri dörederis. Ýurdumyzy halkara sport ýaryşlarynyň, çempionatlardyr Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap meýdançasyna öwreris. Täze sport düzümlerini döretmek arkaly hakyky sport söýüjileriň, ussat türgenleriň döwrebap neslini kemala getireris» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli sport ulgamyny ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgesiniň hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäniň jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryny gurşap almagyny gazanmakda alnyp barylýan işleriň gerimini barha giňeldýändigi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Şeýle ajaýyp döwürde türgenleriň kemala gelýän täze nesli hakynda söhbet etmegiň hem özboluşly lezzeti bar. Balkan welaýatynyň Balkanabat

Ýeňijiler sarpalandy

Bu günki gün halkara ýaryşlarda üstünlik gazanan türgenlerimizi hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamak asylly däbe öwrüldi. Golaýda Türkmenabat şäherinde halkara ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. Dabarada şu aýyň dowamynda geçirilen halkara ýaryşlaryň ikisinde ― Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda hem-de Özbegistanyň Daşkent şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça geçirilen Aziýanyň çempionatynda baýrakly orunlara mynasyp bolan Lebap welaýatynyň türgenleri sylaglanyldy. Bu iki ýaryşda welaýatyň türgenleriniň bäşisi medallaryň ýedisine mynasyp boldular. Ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýaşaýşa güýç berýän sport

Sporty, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini düýpli ösdürip, her bir raýatyň saglygy hakynda aladalanýan Arkadagly Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň sany barha artýar. Dürli ýaşdaky we kärdäki ildeşlerimiziň, şol sanda mümkinçiligi çäkli raýatlaryň arasynda sporty durmuş hemrasyna öwrenleriň köpelmegi diýseň begendirýär. Sport we bedenterbiýe ynsanyň durmuşyny özgerdip, onuň jemgyýetdäki ornuny tapmagyna ýardam edýär. Bu ýagdaý aň-paýhas mümkinçiligi çäkli adamlar babatda aýdylanda aýratyn ähmiýetlidir. Biz ýakynda Türkmenistanyň Ýörite Olimpiada Milli Merkeziniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, göreş boýunça sport ussady Baýram Seýtlikow bilen söhbetdeş bolup, aň-paýhas mümkinçiligi çäkli türgenlerimiziň 12 – 26-njy iýun aralygynda Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde Bütindünýä tomusky Ýörite Olimpiada oýunlarynda görkezen netijelerine baha berdik.

Hazaryň kenaryndaky Hazarda

Tomusky dynç alyş möwsüminiň gyzykly, şatlyk-şowhunly günleri dowam edýär. Aýratyn hem ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň gülki sesleri uzaklardan eşidilip, olar döwrümiziň bagtyýar pursatlara beslenýändiginiň, Diýarymyzyň bagtyýar çagalygyň mekanydygynyň aýdyň nyşany bolup ýaňlanýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesinde ýerleşýän «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem şeýle merkezleriň biridir. «Gara altyn» birbada 400 çagany kabul etmäge niýetlenendir. Bu ýerde çagalaryň oýnamagy, wagtlaryny peýdaly we hoş geçirmegi, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin ähli şert-mümkinçilikler döredildi. Hazar deňziniň kenaryndaky döwrebap merkezde sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Çagalar ýaryşlara, çärelere höwes bilen gatnaşýarlar. Şeýle çäreleriň olaryň bedenleriniň berkemegine, ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykmagyna ýakyndan ýardam edýändigi düşnüklidir.

Welaýatlardan habarlar

Golaýda Bäherden etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň garamagyndaky etrap sport mekdebinde «Sport – arassa jemgyýetiň aýnasy» atly şygar astynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Maslahata sport ulgamynda zähmet çekýän tälimçi-mugallymlar, KA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, etrap häkimliginiň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda sporta goýulýan sarpanyň belent derejä eýe bolandygyny buýsanç bilen belläp, türgenlerimiz üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada aýratyn nygtadylar. Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň sportda we sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmekde hemmelere görelde bolýandygy uly buýsanç bilen bellendi.

Futbol täzelikleri

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy FIFA hem-de AFK bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrmak babatynda köp işleri alyp barýar. FIFA-nyň Agza Bileleşikleri bölüminiň dolandyryjysy Rolf Tanneriň (Şweýsariýa), FIFA-nyň Agza Bileleşikleriniň hyzmatlary bölüminiň uly dolandyryjysy Ahmed Harrazyň (Müsür), şeýle-de AFK-nyň hünärmenleri Sanjar Rizaýewiň (Özbegistan), Ýogeş Desainiň (Hindistan) hem-de Rouzbeh Maýahiniň (Eýran) ýurdumyzda resmi sapar bilen bolmaklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli alnyp barylýandygyny görkezýär.

Ikinji aýlaw awgustda başlanar

4-nji awgustda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň ikinji aýlawyna badalga berler. Şol gün üç duşuşyk geçirilip, onda «Şagadam» – «Köpetdag», «Aşgabat» – «Merw» hem-de «Energetik» – «Ahal» toparlary duşuşarlar. Çempionatyň 10-njy tapgyry 5-nji awgustda «Nebitçi» bilen «Altyn Asyr» toparlarynyň duşuşygy bilen jemlener. Çempionatymyzyň birinji aýlawynyň jemi boýunça 24 utuk toplan «Arkadag» toparynyň ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýändigini ýatladýarys. 17 utuk toplan «Altyn Asyr» ikinji, 16 utugy bolan «Nebitçi» topary üçünji orunda ornaşdylar.

Netijelerimiz — täze üstünliklere badalga

Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Köl şäherinde geçirilen uşu boýunça halkara ýaryşy türkmen türgenlerine ajaýyp netijeleri getirdi. Şol ýerde uly üstünliklere eýe bolan ildeşlerimiziň hatarynda biziň türgenlerimiziň hem bolmagy yhlasymyzyň ýerine düşýändiginiň beýanyna öwrüldi. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebiniň okuwçylaryndan 25 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşen Eziz Annaýew halkara ýaryşda altyn medala eýe boldy. Altyn medallaryň ýene birini bolsa 75 kg-de güýjüni synan Şöhrat Rejepow gazandy. Mundan başga-da, 56 kg-e çenli agramda finala çenli ýetmegi başaran Gudrat Berdiliýew hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykmagyň hötdesinden geldi. Okuwçylarymyz bürünç medallaryň ikisine mynasyp boldular. Kemran Latipow (60 kg-e çenli) hem-de Mekan Paltaýew (70 kg-e çenli) ýaryşy üçünji orun bilen jemlediler. Gazanan medallary bilen Watanymyza şan getiren türgenlerimizi mekdebimiziň tälimçi-mugallymy Nurmyrat Babaýew türgenleşdirýär.

Taryhda şu gün

1996-njy ýylyň 29-njy iýulynda Atlanta şäherinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda ABŞ-ly Karl Lýuis ýeňil atletikanyň uzynlygyna bökmek görnüşindäki 9-njy altyn medalyny gazandy. Şeýlelikde, Lýuis Olimpiýa oýunlarynyň dördüsinde altyn medal gazanan bäşinji türgen diýen ada eýe boldy.

TRANSFER TÄZELIKLERI

«PREMIER LIGA» Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Pre­mi­er Li­ga­nyň» «As­ton Wil­la» to­pa­ry «Bun­des­li­ga­nyň» we­ki­li «Ba­ýe­riň» fran­si­ýa­ly oýun­çy­sy Mus­sa Dia­bi­ni 50+10 mil­li­on ýew­ro trans­fer et­di. 24 ýa­şyn­da­ky win­ger tä­ze klu­by bi­len 5 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. PSŽ-de fut­bo­la baş­lan Dia­bi le­wer­ku­zen­li­le­riň dü­zü­min­de 172 oýun­da 49 gol ge­çir­di. Dia­bi «Se­rie A»-da «Kro­to­ne» to­pa­ryn­da hem 2 du­şu­şyk­da meý­dan­ça çy­kyp­dy.