Bilimli nesil — röwşen geljegimiz

28 Mart 2023
484

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Diýarymyzyň çar künjegini gurşap alan özgertmeler, iri gurluşyk taslamalary döwrümiziň döredijilik, gurujylyk kuwwatyny açyp görkezmek bilen, watançylyk ruhumyzy belende göterýär. Bu gün ýurdumyzyň bilim ulgamy hem ösüşiň belent derejesine çykýar. Çagalar baglaryndan başlap, ähli bilim ojaklarynyň okatmagyň innowasion tehnologiýalary — multimedia, interaktiw enjamlary, kämil kompýuterlerdir döwrebap görkezme esbaplary bilen üpjün edilmegi ýaşlaryň bilim derejesine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiziň 17-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda 2023 — 2024-nji okuw ýylynda umumy orta bilim berýän mekdeplerine 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek bilen bagly degişli resminama gol çekmegi ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmeginiň ýolunda möhüm ädimleriň biri boldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ak mekdeplere gadam basjak alty ýaşly çagalara sowgat ediljek kompýuterleriň kämil programma üpjünçiligi, ýadynyň göwrümi we işjeňligi bilen tapawutlanjakdygy guwanç bilen bellenilmeli ýagdaýdyr.

Gunça HALMYRADOWA,
Kaka etrabynyň 7-nji çagalar bagynyň müdiri.