Türkmenistanly internet-ulanyjylar üçin ykjam programmalaryň sanawy

28 Ýanwar 2023
602

Aşakdaky sanawda getirilen ykjam programmalar Türkmenistanda internet ulanyjylar üçin ýörite işlenip düzülendir we köpdürli dükanlaryň, marketleriň, döwlet edaralarynyň hyzmatlaryndan baş çykarmaga, onlaýn bilim almaga hem-de peýdaly maglumat toplamaga ýardam etjek has zerur we meşhur bolan ykjam programmany saýlap almaga  kömek eder.

E-bilim – Türkmenistanda onlaýn bilim almak üçin ilkinji gurşaw. Dürli sapaklar we ugurlar boýunça bilim almaga, şol bir wagtda öz bilimleriňi we okatmak boýunça usulyýetleriňi paýlaşmaga mümkinçilik berýär. Işläp düzüji – E-bilim. Ykjam programma «Google Play-de» elýeterlidir, reýtingi – 4,1, ýüklenen sany – 10 müňden gowrak.