Ýürek örküm — Garagum

30 Noýabr 2022
685

Garagum sährasynyň baý ösümlik dünýäsiniň diňe ekologiýa babatda däl, eýsem, ynsan saglygy üçin örän ähmiýetlidigini, olaryň her biriniň häsiýetli aýratynlyga eýedigini hemmämiz bilýäris. Onuň ajaýyp ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak we ony nesillere ýetirmek biziň borjumyzdyr. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän Garagum sährasy ýylyň ähli paslynda-da tebigy gözelliklere diýseň baý. Baharyň jana ýakymly günlerinde seýrana çykmak, tomsuň nurana gijelerinde ak alaňlara çykyp, ýyldyzlary synlamak, tyllaýy güýzlerde sarymeňiz keşbe giren ösümlikleriň gözelligine maýyl bolmak, ak garly gyşlarda towşan yzly depelere çykmak her bir adamy Garagumuň gudrat-keremine bendiwan eýleýär. Ak sazaklaryň ýaşyl öwüsýän pürleri, gyz kamatly sözenleriň uzaklardan gol bulap durşy, ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän borjaklar, aňňat-aňňat depeleriň degresine gelşik berip oturan gandymlar, selinler...bereketli türkmen sährasynyň ösümlik dünýäsiniň egsilmez baýlyklary.

Sazagyň halk lukmançylygynda aýratyn orny bardyr. Sazak — Garagum sährasynyň baýlygy, bezegi, bereketi. Onuň tokaýlyklaryny synlanyňda, tebigata söýgiň has-da artýar. Gum depelerinde, gollaryň içinde ösüp oturan sazaklar ýöne bir adaty sähra ösümligi bolman, ol adama-da, haýwana-da peýdaly baýlykdyr. Ýaz aýlarynda sazak püründen doýan düýäniň çalynyň tagamy diýseň ýokumlydyr.